Satuwy görnetin ýokarlandy

106

Dün­ýä­dä­ki iň uly elekt­rou­lag ba­za­ry bo­lan Hy­taý bu ugur­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa­la­ry özü­ne çek­ýär. Ýurt­da şeý­le ulag­la­ra be­ril­ýän ýe­ňil­lik bäs­deş­li­gi has-da art­dyr­ýar. Hy­ta­ýyň elekt­rou­lag ön­dü­ri­ji kom­pa­ni­ýa­la­ry bo­lan “Nio”, “Xpeng” we “Li Auto” ge­çen re­kord de­re­je­de aw­tou­lag sa­typ­dyr. “Li Auto”-nyň 2022-nji ýyl­da je­mi 133 müň­den gow­ra, di­ňe de­kabr aýyn­da bol­sa, 21 müň 233 aw­tou­lag ön­dü­rip­dir. Ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de kom­pa­ni­ýa­nyň önüm­çi­li­gi 47 gö­te­rim ar­typ­dyr. “Nio” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň hem önüm­çi­li­gi­niň art­ýan­dy­gy mä­lim edil­di. Kom­pa­ni­ýa “EC7” ku­pe hem-de “ES8” ulag­la­ry­ny önüm­çi­li­gi­ni art­dyr­ma­gy me­ýil­leş­dir­ýär. Mu­nuň gel­jek­de sa­tu­wy art­dyr­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär. Şeý­le hem kom­pa­ni­ýa beý­le­ki hy­taý brend­le­ri bi­len bi­le­lik­de Ger­ma­ni­ýa, Ni­der­land­lar, Da­ni­ýa­da we Şwe­si­ýa ýa­ly Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­na hem eks­port ed­ýär. “Xpeng” kom­pa­ni­ýa­sy de­kabr aýyn­da 11 müň 292, ýy­lyň do­wa­myn­da je­mi 120 müň 757 aw­tou­lag ön­dü­rip­dir. Bu kom­pa­ni­ýa, esa­san, sü­rü­ji­niň işi­ni ýe­ňil­leş­dir­ýän has köp aw­to­mat­laş­dy­ry­lan elekt­rou­lag­la­ry iş­läp taý­ýar­la­ýar.

Il­şat Sa­pa­row, Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ener­ge­ti­ka ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by