Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Premýer-ministri Mohammed bin Salman bin Abdelaziz Al Saud ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa Saud Arabystanynyň dört ýylda ABŞ bilen maýa goýumlaryny we söwdasyny azyndan 600 milliard dollar artdyrmak isleýändigini aýtdy. Bu barada Saud Arabystanyň metbugat agentligi (SPA) habar berdi.
Habar gullugynyň maglumatlaryna görä, syýasatçylaryň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde “Mirasdüşer Şazada, geljek dört ýylda ABŞ bilen maýa goýumlaryny we söwdany 600 milliard dollara çenli artdyrmak niýetiniň bardygyny tassyklady”.
Ak tamyň metbugat gullugy tarapyndan berlen beýanata görä, Tramp penşenbe güni Saud Arabystanynyň Şazadasy bilen telefon arkaly gepleşik gürleşdi. Ak Tamda bellemeklerine görä, bu Trampyň 20-nji ýanwarda Ak Tama gaýdyp gelenden soň daşary ýurt lideri bilen ilkinji telefon arkaly gürrüňdeşligi boldy. Taraplar söhbetdeşligiň dowamynda Ýakyn Gündogarda parahatçylygy ornaşdyrmak we terrorçylyga garşy göreş barada pikir alyşdylar. Şeýle hem, Mirasdüşer Şazada Er-Riýadyň geljek dört ýyldaky “ykdysady maksatnamalary”, söwda meseleleri we “gülläp ösmek üçin mümkinçilikleri” barada durup geçdi.