Saud Arabystany koronawirus sebäpli çäklendirmeleri ýeňilleşdirmek maksady bilen Patyşalygyň howa menzilleriniň doly güýjünde gaýtadan işe başlandygyny habar berdi. Saud Arabystanynyň Raýat awiasiýasy guramasy awiakompaniýalara 17-nji oktýabrdan başlap, doly hyzmat ediş mümkinçiliginde ýurduň howa menzillerini dolandyrmaga gaýdyp gelmek barada görkezme berlendigini habar berdi.
Patyşalyk ilatyň immunizasiýa edilmegi we koronawirus ýokançlygynyň azalmagy sebäpli çäklendirmeleriň birnäçesiniň ýatyryljakdygyny habar berdi. Hususan-da, 17-nji oktýabrdan soň açyk ýerlerde hökmany agyz-burun örtügini dakynmak düzgüni ýatyryldy. Şol bir wagtyň özünde adamlar üsti ýapyk binalarda we belli bir ýerlerde ozalkylary ýaly agyz-burun örtüklerini dakynmaly bolýarlar. Şeýle-de howpsuz aralyk düzgüni ýatyryldy. Toýlary we dabaralary uly zallarda käbir ätiýaçlyk çärelerini görmek şerti bilen myhmanlaryň sanyny çäklendirmezden geçirmäge rugsat berildi. Pandemiýa başlanaly bäri ilkinji gezek Mekgäniň we Medinäniň keramatly ýerlerinde ybadat edýänleriň sany baradaky çäklendirmeler ýatyrylyp başlandy. Stadionlar we sport zallary indi doly güýjünde işläp biljekdigi habar berildi.
Sentýabr aýyna çenli, takmynan, 35 million ilatly ýurtda täze koronawirus ýokançlygyna garşy 40 milliondan gowrak sanjym edildi. Saud Arabystanynda sanjym geçen ýylyň dekabrynda başlap, meýletin we mugt yglan edildi. Şol bir wagtyň özünde, ýurduň raýatlary-da, daşary ýurtly raýatlar-da sanjym edilip bilinjekdigi mälim edildi. Ýurtda amerikan kompaniýalary “Moderna” we “Johnson & Johnson”, britan-şwed şereketi “AstraZeneca”, şeýle-de amerikan kompaniýasy “Pfizer” we nemes hyzmatdaşy “BioNTech” ýaly kompaniýalaryň dört sany dermany ulanylýar. “Moderna” ýetginjeklere sanjym etmek üçin tassyklandy. Göwreli zenanlara hem doly sanjym görkezilýär. Saglygy goraýyş ministrliginiň habaryna görä, häzirki wagtda Patyşalyk şu ýylyň ýanwar aýyndan bäri koronawirus ýokançlygynyň iň pes derejesine eýe.