Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň umumylykda 118-nji möwsüminde çempion iň soňky tapgyrda belli boldy. 38-nji tapgyra 1 utuk öňde başlan “Napoli” bu artykmaçlygyny saklamagy başardy. “Napoli” öz meýdançasynda “Kaliarini” 42-nji minutda Skott MakTomineý hem-de 51-nji minutda Romelu Lukakunyň gollary bilen 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. 1 utuk yzda barýan geçen möwsümiň çempiony “Inter” hem myhmançylykda “Komo” şol hasap bilen ýeňdi. “Interiň” gollaryny 20-nji minutda De Wreý bilen 51-nji minutda Hoakim Korrea geçirdi. Bu netijelerden soň “Napoli” 82 utuk bilen 1 ýyllyk arakesmeden soň çempionatyň taryhyndaky 4-nji çempionlygyny gazandy. “Napoli” topary mundan öň 1986/87, 1989/90 hem-de 2022/23 möwsümlerinde çempion bolupdy. Şeýlelikde, “Napoli” topary meşhur ýyldyz Diego Maradonadan soň 2-nji çempionlygyny baýram etdi. Neapol şäheriniň kluby Maradonanyň oýnan ýyllarynda-da 2 gezek çempion bolupdy.

“Napoliniň” tälimçisi Antonio Konte “Serie A”-da 3 dürli klub bilen çempionlyk gazanan ilkinji tälimçi hökmünde adyny taryha ýazdyrdy. Bu onuň tälimçilik karýerasyndaky 9-njy kubogydyr.

“Komo” – “Inter” duşuşygynda ýer eýeleriniň 42 ýaşyndaky ispaniýaly derwezeçisi Pepe Reina 45-nji minutda gyzyl kart alyp, karýerasyndaky iň soňky oýnunda meýdançadan çykaryldy.