Italiýanyň çempionatynda sanawyň lideri üýtgedi. Myhmançylykda Komodan 2-1 hasabynda utulan “Napoli” 2-nji orna düşdi. Duşuşykda ýer eýeleriniň gollaryny 7-nji minutda Rrahmani öz derwezesinden hem-de 77-nji minutda Diao geçirdi. 3 deňlikden soň utulan, “Napoli” 4 oýundan bäri ýeňiş gazanyp bilenok. Jenoany Lautara Martinesiň ýeke-täk goly bilen ýeňen “Inter” 1-nji orna beýgeldi. Şol hasap bilen “Ýuwentus” hem myhmançylykda Wlahowiçiň goly esasynda “Kaliarini” utdy. Lukmanyň 2 gezek tapawutlanan oýnunda “Atalanta” myhmançylykda “Empoliniň” derwezesinden jogapsyz 5 gol geçirdi. “Milan” bolsa “Torinodan” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Duşuşykda “Milandan” Pulişiç penalti urgusyndan peýdalanyp bilmedi.
Leççe – Udineze: 0-1 (Lukka 32 p),
Parma – Bolonýa: 2-0 (Bonni 37 p, Zom 79),
Wenesiýa – Lasio: 0-0,
Torino – Milan: 2-1 (Tiaw 5 ö.d., Gineýtis 76 – Reýnders 74),
Inter – Jenoa: 1-0 (Lautara Martines 78),
Komo – Napoli: 2-1 (Rrahmani 7 ö.d., Diao 77 – Raspadori 17),
Werona – Fiorentina: 1-0 (Berned 90+5),
Empoli – Atalanta: 0-5 (Gýasi 27 ö.d., Retegi 33, Lukman 43, 55, Zappakosta 74),
Kaliari – Ýuwentus: 0-1 (Wlahowiç 12),
Roma – Monza (şu gije)