Italiýanyň çempionaty “Serie A”-nyň täze 94-nji, umumylykda italýan ýokary ligasynyň 124-nji möwsümine ertir badalga berler. 20 klubuň çykyş edýän çempionatynda “Napoli”, “Inter”, “Ýuwentus”, “Roma”, “Milan”, “Lasio” klublary çempionlygyň esasy dalaşgärleri diýlip görkezilýär.
Çempionatda Lombardi sebitinden 5 topar – “Milan”, “Inter”, “Atalanta”, “Komo”, “Kremoneze” klublary, Emilia-Romanodan 3 topar – “Bolonýa”, “Parma”, “Sassuolo” klublary wekilçilik eder. Milan, Rim, Turin şäherleriniň hersinden 2 klub çykyş edip, şol şäherleriň klublarynyň özara duşuşygy çempionatyň esasy derbileri hasaplanýar.
2025/26 möwsüminde çykyş etjek 20 klubuň 12-si şu tomusda tälimçilerini çalyşdylar. Başgaça aýdylanda, diňe 8 klub geçen möwsümdäki tälimçileri bilen ýoluny dowam edýär. “Milandyr” “Lasio”, “Fiorentina” ýaly klublar öňki tälimçilerine wezipe belledi. Aglaba ýerli hünärmenleriň agdyklyk edýän çempionatyndaky 20 klubuň 7-sine legionerler tälim berip, olaryň arasynda Horwatiýadyr Ispaniýadan 2, Rumyniýadan, Fransiýadan hem-de Germaniýadan 1 tälimçi bar. Şeýle-de, klublaryň 6-sy amerikaly işewürleriň ýa-da uly şereketleriň eýeçiligindedir.
“Empoli” 4, “Monza” 3, “Wenesiýa” 1 ýyldan soň aşaky liga düşdi. Olaryň ornuna “Serie B”-den “Sassuolo”, “Piza” hem-de “Kremoneze” toparlary ýokary liga çykdylar. Esasanam “Piza” toparynyň 34 ýyldan soň “Serie A” dolanmagy aýratyn bellärliklidir.
NAPOLI. Tälimçisi Antonio Konteni klubda saklan neapollylaryň düzüminden Raspadori gitdi. De Bruýne, Noa Lang, Sam Beukema ýaly oýunçylary transfer eden topar, esasan hem, “Serie A”-da 3 dürli kluba çempionlyk gazandyran ýeke-täk tälimçi Konte, şol sanda, Politano, MakTomineý, Anguissa ýaly oýunçylaryna bil baglaýar. Ýyldyz oýunçy Lukakunyň şikesi sebäpli geljek ýyla çenli topara kömegi degmez.
INTER. Geçen möwsümde ähli ýaryşlarda gazanyp biljek çempionlyklaryny soňky pursatlarda ýa-da finalda elden gideren “Interiň” iň esasy ýitgisi tälimçi Simone Inzagi bolar. 6 aýlyk tejribesi bolan Kiwuny tälimçilige bellän “Inter” transfer möwsümini işjeň bolmadyk ýagdaýda geçirýär.
ÝUWENTUS. 5 möwsümden bäri çempionlyk gazanyp bilmän gelýän “Ýuwentus” tälimçisi Igor Tudor bilen ýoluny dowam eder. Jonatan Dewid bilen Žoao Mariony transfer eden “Ýuwentusdan” Timoti Wea başga kluba geçdi.
ROMA. Geçen möwsümiň 2-nji ýarymyny Ranieriniň tälimçiliginde ýokary derejede tamamlan paýtagtyň adybir klubunda tälimçilik Jan Piero Gasperininiň gerdenine mündürildi. “Atalanta” toparyndaky 9 ýyllyk tälimçiliginde bergamolylara taryhy ýeňişler, hatda Ýewropa Ligasynyň çempionlygyny gazandyran Gasperininiň paýtagtlylardaky başdan geçirmesiniň nähili dowam etjekdigi klubuň janköýerlerini içgin gyzyklandyrýar. Belki-de Gasperininiň paýtagtlylara çärýek asyrdan soň çempionlyk kubogyny gazandyrmagy hem mümkin.
MILAN. Geçen möwsümi portugaliýaly tälimçileriň ýolbaşçylygynda (ýanwara çenli Fonseka, ýanwardan soň Konseýsau) şowsuz tamamlan “Milan” ozalky tälimçisini, kluba 2011-nji ýylda 18-nji çempionlygyny gazandyran Massimiliano Allegrini wezipä belledi. Transfer möwsüminiň ugradan hem-de alan oýunçylary bilen iň işjeň klublarynyň biri bolan “Milandan” iň esasy ýyldyzy Teýani Reýnders, şol sanda, Teo Hernandes, Malik Tşau, Emerson ýaly oýunçylar başga klublara geçdi. Modriç, Riççi, Estupinýan, Jaşari, De Winter ýaly oýunçylary-da alan “Milanyň” iň uly ýyldyzy Rafael Leao, şeýle-de Kristian Pulişiç bolar.
BEÝLEKILER. Maurisio Sarrini tälimçilige bellän “Lasio”, şol sanda Stefano Piolini täzeden toparyň tälimçiligine goýan “Fiorentina” topary-da öňdäki orunlar ugrunda göreş alyp barjak beýleki klublar bolar. Gasperininiň deregine Iwan Ýuriçi tälimçi eden “Atalanta” toparynda bir döwür tamam bolup, olaryň täze başdan geçirmesiniň nähili başlajakdygy janköýerlerde uly gyzyklanma döredýär.
I TAPGYRYŇ DUŞUŞYKLARY 23-nji awgust (şenbe) Jenoa – Leççe (21:30) Sassuolo – Napoli (21:30) Milan – Kremoneze (23:45) Roma – Bolonýa (23:45) 24-nji awgust (ýekşenbe) Kaliari – Fiorentina (21:30) Komo – Lasio (21:30) Atalanta – Piza (23:45) Ýuwentus – Parma (23:45) 25-nji awgust (duşenbe) Udineze – Werona (21:30) Inter – Torino (23:45)
KLUBLAR |
ŞÄHERI |
STADIONY-TOMAŞAÇY |
TÄLIMÇI |
Atalanta |
Bergamo |
Stadio Atleti Azzurri d'Italia - 24 950 |
Iwan Ýuriç (Horwatiýa) |
Bolonýa |
Bolonýa |
Stadio Renato Dall'Ara - 38 279 |
Winçenzon Italiano |
Kaliari |
Kaliari |
Unipol Domus - 16 416 |
Fabio Pisakane |
Komo |
Komo |
Stadio Giuseppe Sinigaglia - 13 602 |
Sesk Fabregas (Ispaniýa) |
Kremoneze |
Kremona |
Stadio Giovanni Zini - 20 641 |
Dawide Nikola |
Fiorentina |
Florensiýa |
Stadio Artemio Franchi - 43 118 |
Stefano Pioli |
Jenoa |
Genue |
Stadio Luigi Ferraris - 33 205 |
Patrik Wieira (Fransiýa) |
Werona |
Werona |
Stadio Marcantonio Bentegodi - 31 713 |
Paolo Zanetti |
Inter |
Milan |
San Siro - 75 710 |
Kristian Kiwu (Rumyniýa) |
Ýuwentus |
Turin |
Juventus Stadium - 41 507 |
Igor Tudor (Horwatiýa) |
Lasio |
Rim |
Stadio Olimpico - 67 585 |
Maurisio Sarri |
Leççe |
Leççe |
Stadio Via del mare - 30 354 |
Eusebio Di Françesko |
Milan |
Milan |
San Siro - 75 710 |
Massimiliano Allegri |
Napoli |
Neapol |
Stadio Diego Armando Maradona - 54 732 |
Antonio Konte |
Parma |
Parma |
Stadio Ennio Tardini - 22 352 |
Karlos Kuesta (Ispaniýa) |
Piza |
Piza |
Arena Garibaldi – Stadio Romeo Anconetani - 12 508 |
Alberto Jilardino |
Roma |
Rim |
Stadio Olimpico - 67 585 |
Jan Piero Gasperini |
Sassuolo |
Sassuolo |
Mapei Stadium – Città del Tricolore - 21 515 |
Fabio Grosso |
Torino |
Turin |
Stadio Olimpico Grande Torino - 28 177 |
Marko Baroni |
Udineze |
Udine |
Stadio Friuli - 25 132 |
Kosta Runýaiç (Germaniýa) |