«Bo­om Su­per­so­nic» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň iş­läp taý­ýar­lan ýo­lag­çy uça­ry­nyň nus­ga­lyk gör­nü­şi ses tiz­li­gin­den geç­di. ABŞ-nyň Ka­li­for­ni­ýa şta­tyn­da­ky Mo­ha­we çö­lün­de ge­çi­ri­len sy­nag­da 64 orun­lyk uça­ryň «Over­tu­re» at­ly has ki­çi gör­nü­şi ula­nyl­dy. Hä­zi­re çen­li bir­nä­çe sy­nag­dan ge­çi­ri­len bu uçar mun­dan se­kiz ýyl ozal peý­da bo­lup­dy. Aşa ýo­ka­ry tiz­lik­li uçar­dan eý­ýäm «Ame­rican Air­li­nes» we «Ja­pan Air­li­nes» ýa­ly kä­bir awia­kom­pa­ni­ýa­lar sar­gyt edip­dir. Uça­ry kä­mil­leş­dir­mek üçin sy­nag­la­ryň do­wam et­di­ril­jek­di­gi mä­lim edil­di. Hä­zi­re çen­li tä­jir­çi­lik mak­sat­ly di­ňe «Concor­de» uçar­la­ry yzy­gi­der­li ula­ny­lyp­dy. Bu uçar­dan bir­nä­çe­si 1970-nji ýyl­lar­dan 2000-nji ýyl­la­ryň baş­la­ry­na çen­li ula­ny­lyp­dy.

Nu­ra­na AL­LA­GU­LY­ÝE­WA,
Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.