Dünýä ýurtlary emeli aň ulgamynyň gözegçilikde saklanmagy üçin halkara we milli howpsuzlyk ýörelgeleriniň umumylaşdyrylmagyna garşy durmalydyr. Bu barada Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin anna güni Emeli aň (EA) boýunça bütindünýä maslahatynyň açylyşynda aýtdy. Ol çykyşynda bu ulgamda bir döwletiň öz howpsuzlygyny beýlekileriň howpsuzlygyndan ýokary goýmagyna ýol bermezlige çagyrdy.
Szinpin ähli ýurtlaryň adamyň bähbitlerine gönükdirilen emeli aň tehnologiýalaryny ösdürmek ýörelgesinden ugur almalydygyny nygtady. Şeýle edilende, EA-ny ählumumy gülläp ösüşiň hem-de umumy howpsuzlygyň möhüm guralyna öwrüp bolar. HHR-iň Başlygy şunuň bilen baglylykda, EA dolandyrmak boýunça adalatly we deň hukukly ählumumy ulgamy döretmek üçin bilelikde tagalla etmäge çagyrdy.
“Ýagty geljegiň hatyrasyna emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyk” diýen tema bagyşlanan Bütindünýä maslahaty Şanhaýda 17-nji iýuldan 20-nji iýula çenli dowam eder.