Soňky 4 günüň dowamynda wezipesinden boşadylan tälimçileriň 3-siniň hem meňzeş ýeri olaryň “Mançester Ýunaýtediň” öňki tälimçileri bolmagydyr. Mälim bolşy ýaly geçen hepdäniň ahyrynda türk klublary “Beşiktaş” norwegiýaly Ole Gunnar Sulşeri, “Fenerbahçe” bolsa portugaliýaly Žoze Mouriniony klubdan ugradypdylar. Düýnki gün bolsa “Bundesliganyň” öňdebaryjy wekillerinden “Baýer” topary niderland tälimçisi Erik ten Hagy entek 2-nji tapgyrdan soň wezipesinden boşadypdy.

Ady agzalan we häzirki wagtda toparsyz galan 3 tälimçi hem bir döwürlerde “Mançester Ýunaýtedi” türgenleşdiripdi. Žoze Mourinio 2016-njy ýylyň maýyndan 2018-nji ýylyň dekabryna çenli “Ýunaýtediň” tälimçisi bolupdy. Onuň wezipeden boşadylmagyndan soň bolsa, dessine Ole Gunnar Sulşer toparyň tälimçiligine bellenipdi. Sulşer bu wezipede 2021-nji ýylyň noýabryna çenli işledi. Ondan soň 2 hünärmen – ilki Maýkl Kerrik, soňra Ralf Ragnink “Ýunaýtediň” wagtlaýynça tälimçileri bolupdy. 2022-nji ýylyň maýynda bolsa Erik ten Hag toparyň tälimçiligine bellenipdi. Ol hem öňki kärdeşleri ýaly uzak galman, 2024-nji ýylyň oktýabrynda ornuny ýitiripdi. Onuň ornuna wagtlaýynça Ruben wan Nistelrooý wezipä bellenipdi.

Mahlasy, “Mançester Ýunaýtediň” häzirki tälimçisi Ruben Amorime çenli soňky 9 ýylda (wagtlaýynça bellenenleri hasaba alynmanda) esasy 3 tälimçisi soňky klublaryndan  wezipesinden boşadyldy.