Las-Wegasda geçirilýän “CES 2023” sergisinde tanyşdyrylan “Icoma Tatamel” atly ýygnalýan motosikl tanyşdyryldy. Ýygnalan wagty çemedana meňzeýän ulag elektrik energiýasy bilen işleýär. Birnäçe sekuntda ýygnalyp kiçelýän ulag serginiň ýolbaşçylary tarapyndan innowasiýa baýragyna mynasyp boldy. Ýapon kompaniýasy tarapyndan işlenip taýýarlanan ulag başga zada öwrülýän oýnawaçlardan ylham alnyp döredilipdir. Ykjam şekilli ulag esasan Ýaponiýa üçin niýetlenip, az ýer tutýanlygy bilen tapawutlanýar. Ulagyň bahasynyň 4000 dollar bolmagyna garaşylýar.
Motosikliň batareýasy 3 sagatda doly zarýad alýar. Şeýle-de bolsa ulag bir gezekki zarýady bilen 30 kilometr ýol geçip bilýär. Sagatdaky tizligi 40 km bolan motosikliň öň tarapynda 10 dýuýmlyk, yzynda 6,5 dýuýmlyk tigirler bar. Ýygnalan wagty bolsa tigirçekli çemedanlar ýaly çekip gidibermeli. Agramy 50 kilogram bolan ulagyň iş stolynyň aşagyna sygjakdygy bellenilýär. Kompaniýanyň wekilleri ýylyň ahyrynda satuwa çykaryljak ulagyň häzirkiden birneme üýtgeşik bolup biljekdigini belleýärler.
Daýanç Gurbanow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutunyň talyby
PDF









