Hytaýyň 2024-nji ýyldaky eksporty importyndan 1 trillion dollara golaý köp boldy. Bu görkeziji 2023-nji ýylda 838 milliard dollar bolupdyr. Ýurduň Gümrükler boýunça baş edarasy geçen ýyl eksportyň 3,58 trillion dollar, importyň 2,59 trillion dollar bolandygyny mälim etdi. Aradaky tapawut Hytaýyň ykdysadyýetiniň 10 göterimine deň boldy. Şeýle hem bu görkeziji Germaniýa, Ýaponiýa we ABŞ ýaly dünýäniň ykdysady taýdan ösen ýurtlarynyňkydan köp boldy.
Ýurt, esasan, awtoulag, Gün paneli we tehnologiýa önümleriniň eksportyny artdyryp, import edilýän harytlaryň möçberini azaltmaga ähmiýet berýär. BMG-niň Senagat ösüşi boýunça guramasynyň maglumatyna görä, häzirki wagtda dünýädäki harytlaryň üçden bir bölegi Hytaýda öndürilýär. Ýurt ylym-bilim, infrastruktura we tehnologiýa ýaly ugurlara maýa goýum goýmak arkaly bu ugurda öňdeligi eýeleýär.
Mähri AKYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.