Amerikaly meşhur aktýor, söweş sungatynyň ussady Çak Norris 86 ýaşynda aradan çykdy. Ýaňy ýakynda 86 ýaş toýuny bellän Çak Norris 1940-njy ýylyň 10-njy martynda Oklahomada dünýä inýär. Ýaşlykdan söweş sungatyna höwesek bolan Karlos Reý “Çak” Norris karate, taekwondo, tansudo, brazil jiu-jitsu hem-de dzýudO boýunça gara guşagyň eýesidir. Söweş sungatynyň dürli ugurlary boýunça ençeme çempionlyklar gazanan Çak Norris söweş sungatynyň başga bir ägirdi, aktýor Brýus Liniň 1972-nji ýyldaky “Aždarhanyň ýoly” filmi bilen kino älemine aralaşýar.

Onuň baş keşpde surata düşen “Walker, Texas Ranger” atly teleserialy ençeme ýyllap ýaýlymda görkezilip, tutuş dünýäde uly meşhurlyk gazanýar. 1970-80-nji ýyllarda ençeme filmdir seriallarda çykyş eden uruşly filmleriň ýyldyzy Norrisiň 1984-nji ýyldaky “Missing in Action” kinosy tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşy alynýar.
Karýerasy boýunça söweş sungatyna öz goşandyny goşan aktýoryň özüne mahsus stili bardy.
Aktýoryň Gawai adasyndaky garaşylmadyk ölümi onuň muşdaklaryny gaty gynandyrdy. Aktýor 10-njy martda doglan gününde türgenleşýän pursatlaryndan bir suraty “Garramok, täze tapgyra geçýärin” diýen setirler bilen paýlaşypdy.

Çak Norris 2 gezek durmuş gurup, ol ilki Daýan Keý Holeçek bilen öýlenýär. 30 ýyllyk bilelikdäki durmuşdan soň aýrylyşan jübütiň 2 ogly bolýar. Uly ogly Maýk kakasy ýaly aktýor bolsa, Erik NASKAR ýaryşlaryna gatnaşýar. Norris 1998-nji ýylda Jina O’Kelleý bilen durmuş gurýar. Olaryň Dakota we Danili atly ekiz gyzlary dünýä inýär. Çak Norrisiň 13 agtygy bar.
PDF








