Öňü­miz gyş. Ho­wa so­wap baş­la­dy. Ho­wa­nyň üýtgeýän döw­rün­de adam be­de­ni güýç­li bol­ma­sa kä­bir nä­hoş­luk­la­ryň ýü­ze çyk­ma­gy müm­kin. Luk­man­lar köp ke­se­liň öňü­ni al­mak üçin di­ňe ga­lyň ge­ýin­mäge däl, iý­mit­len­mä­ge hem üns be­ril­me­li­di­gi­ni bel­le­ýär­ler. So­wuk se­bäp­li öý­de has köp wagt ge­çi­ril­ýär. Şeý­le ýag­daý­da ýag­ly we şe­ker­li iý­mit­le­ri iý­mek­den ga­ça du­rup, ter mi­we we gök önüm­le­ri­ni has köp iý­me­li. Bu be­de­niň im­mu­ni­te­ti­ni güýç­len­dir­ýär. Ke­le­miň dür­li gör­nü­şi, so­gan, sa­rym­sak he­mi­şe iý­mit sa­na­wyn­da bol­ma­ly. Bu gök önüm­le­ri et­li na­har­la­ra go­şup, gaý­na­dy­lan gör­nüş­de ýa-da iş­däa­çar­la­ra go­şup iý­mek bol­ýar. E wi­ta­mi­ni­ne baý bo­lan gök ot­lar hem sag­ly­ga peý­da­ly­dyr. Man­da­rin, ki­wi, pyr­ty­kal, nar ýa­ly C wi­ta­mi­ni­ne baý mi­we­le­ri iý­mek­lik hem mas­la­hat be­ril­ýär. Luk­man­lar bu mi­we­le­riň ça­ga­la­ryň hem iý­mit sa­na­wy­na go­şul­ma­ly­dy­gy­ny ýat­lad­ýar­lar.

Ars­lan ATA­ÝEW,
Ma­ry we­la­ýat kö­pu­gur­ly has­sa­ha­na­sy­nyň luk­ma­ny, new­ro­po­to­log.