«Guş ganatsyz bolmaz, adam – arzuwsyz»
urmuşy temada döredilen bu nakylda arzuwlaryň, umytlaryň adamy bagtly durmuşa ýetirýändigi, arzuwsyz ynsanyň bolmaýandygy beýan edilýär. Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginde: «Arzuw, 1. Adamyň hyýalynda dörän we pikirinde göz öňüne getirilýän zat. 2. Islenýän, hyjuw edip, ýetiljek bolunýan zat» diýlip düşündiriş berilýär. Şundan ugur alsak, arzuw adamyň ýaşaýşa bolan ynamyny we höwesini artdyrýan duýgy. Bu duýgynyň esasynda ynsan geljege tarap ädim ädýär.
Nakylyň manysyny jemlänimizde: guş duş gelýän kynçylyklara garamazdan ganatyny kakyp, ýoluny dowam etdirýär. Dürli synaglardan geçip, barmaly menziline, ýagny arzyly ülkesine ýetýär. Bu ýollary geçmekde oňa ganatlary ýardam edýär. Adamyň hem arzuwlary guşuň ganatyna meňzedilýär. Ynsan durmuşda duş gelýän kynçylyklary arzuw-hyýallary bilen ýeňip geçip, bagtly durmuşa, göz öňüne getirýän geljegine ýetýär.