«Agajy ýaşlygynda eg»
Durmuşy temada döredilen bu nakylda çaga edep-terbiýe bermegiň, kesp-hünär öwretmegiň, umuman çaganyň geljekde kämil ynsan bolup ýetişmegi ugrundaky aladanyň kiçi ýaşdan başlanmalydygyna üns çekilýär. Ýaş agaç nahalyny islendik tarapa egip, göneldip bolýar. Emma agaç ulalansoň, onuň ösen ugruny aňsatlyk bilen üýtgedip bolmaýar. Bu nakylda agajyň manysynda çaga göz öňünde tutulýar. Çagany haýsy ugra ugrukdyrsaň, nähili terbiýe berseň, geljekde hem şonuň miwesini görýäň. «Egmek» işligi bu ýerde «ugrukdyrmak» diýen manyda gelýär. Bu nakyla ugurdaş äheňde «Çagany – ýaşdan, edebi – başdan» pähimini mysal getirmek bolar.