Türkmenistanyň baý tebigy şertlerine, jemgyýetiň sport mümkinçiligine, başarjaňlygyna, syýahatçylyk ulgamyna, ony netijeli ösdürmeklige gönükdirilýän maýa goýumlar innowasion işiň netijelerinden ybarat bolup, olary ösdürmeklige giň ýollar açylýar. Bu işleriň netijesinde saglyk, sport, syýahatçylyk wajyp ugurlaryň birine öwrülýär. Ýurdumyzda bu ugurlar maksatnamalaýyn, diwersifikasiýanyň esasynda sebitler bilen birlikde ösdürilýär. Döwletimiziň dünýä giňişliginde bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmek maksady bilen ýurdumyzda innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti döretmeklige, iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmaklyga möhüm ähmiýet berilýär. Bu özgertmeler saglygy goraýyş, sport, syýahatçylyk ulgamynda hem durmuşa ornaşdyrylýar. Innowasion açyşlaryň önümleri bolan täze tehnologiýalary özünde jemleýän sport desgalary häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatyny sagdyn durmuş, sagdyn jemgyýet ýörelgesine iterýär. Bu bolsa öz gezeginde bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamlaryň sanynyň artmagyna getirýär. Esasan hem, ýaş nesliň bu ugurdaky gyzyklanmalaryny artdyrýar. Adamlaryň daşky gurşawyň täsirlerine durnukly bolmaklaryny, bedenterbiýe, sport we sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barýan adamlaryň immun ulgamynyň pugtalanmagyny üpjün edýär. Diňe bir ýokançly wiruslara däl, eýsem, beýleki kesellere hem garşy durmagyna ýardam berýär. Sagdyn bedenli, belent ruhly, döwrebap bilimli we ylymly, hemmetaraplaýyn ösen şahsyýeti kemala getirmek işinde bedenterbiýäniň we sportuň täsiri örän ýokarydyr.
Hormatly Prezidentimiziň: «Ylymly-bilimli, sagdyn ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, nurana geljegidir. Bilim almak, hünär öwrenmek, beden we ruhy taýdan sagdyn ösmek halkymyzyň gadymdan gelýän nusgalyk milli ýörelgesidir» diýen sözlerinden ruhlanýan türgenlerimiz halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlarda üstünlikli çykyş edýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.
Ýakynda «Arkadag» futbol topary Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň Çagyryş Ligasynyň çempiony bolup, sport üstünliklerimiziň dabaralanýandygyny nobatdaky gezek subut etdi. Arkadag şäheriniň futbol topary ýurdumyzyň birinjiligi ugrundaky bäsleşiklerde hem öňe saýlanmagy başardy. Munuň özi Arkadag şäheriniň sport ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýändigini, türgenleriň taýýarlyk derejesiniň ýokarydygyny äşgär edýär.
«Arkadag» toparynyň halkara arenasynda gazanan üstünligi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary netijesinde sport ýurduna öwrülen eziz Watanymyzda sportuň beýleki görnüşleri bilen birlikde futbolyň hem dünýä derejesine çykýandygyny aýdyňlygy bilen görkezýär.
Biz ýaşlara işlemäge, ýokary hilli bilim almaga hem-de sport bilen meşgullanmaga mümkinçilik döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!
Bägül Gurbanlyýewa,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallym-öwrenijisi.