Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bedew bady bilen öňe barýan ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ykdysadyýet, syýasat, ylym-bilim, medeniýet-sungat, saglygy goraýyş we sport ulgamy günsaýyn ösýär, özgerýär. Ata Watanymyzda ýaşlaryň bilimini ýokarlandyrmaga, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga ähli mümkinçilikler döredilen. Bu mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan ýaşlarymyz sportuň dürli görnüşlerinde uly üstünliklere eýe bolup, döwlet hem-de halkara derejede geçirilýän ýaryşlarda ýokary netijeler görkezýärler we baýrakly orunlara mynasyp bolup, ýurdumyzyň sport abraýyny barha belende göterýärler.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bedenterbiýe we sport ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda geçirilýän halkara sport ýaryşlary Watanymyzyň dünýä derejesinde abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar. Sagdyn bedenli ýaşlary ýetişdirmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpugurly stadionlar, bedenterbiýe, sagaldyş we suw toplumlary, sport mekdepleri we beýleki desgalar gurlup ulanylmaga berilýär.
Ýurdumyzda bedenterbiýe we sport hereketi ýokary derejelere ýetdi. Sport ulgamynyň ösmegine we ýurdumyzyň ýaşyl Tugunyň dünýäde belentde parlamagyna giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Kamila MARAWAÝEWA,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň mugallymy.