Taryhy maglumatlara görä, häzirki wagtda ýörgünli bolan sport görnüşleriniň köpüsi ir zamanlarda adamlaryň meşgullanan işlerinden we durmuş endiklerinden (awçylyk we daýhançylyk) gelip çykypdyr. Eýsem, ilkibaşda haýsy sport görnüşleri peýda bolduka? Geliň, sportuň iň gadymy görnüşleri bilen tanyş bolalyň!
Ok-ýaý atmak. Ýaýçylyk we okçulyk bilen meşgullanmak giçki poleolit döwründen gözbaş alýar. Gadymy müsürliler ok-ýaýy söweşlerde yzygiderli ulanan we sport güýmenjesine öwren ilkinji siwilizasiýa hasaplanýar. Gadymy awçylyk ýaragy 1900-nji ýylda ilkinji gezek Olimpiýa oýunlarynyň hataryna sport görnüşi hökmünde girizilýär.
Atly hokkeý (çöwkan). Toparlaýyn sport görnüşi bolan çöwkan oýny at üstünde oýnalýar. Oýna her topardan 4 atly gatnaşyp, utuk gazanmak üçin kiçijik agaç topy bambukdan ýasalan taýajyk bilen derwezeden geçirýärler. Turan topragynda dörän çöwkan oýny baradaky maglumata «Kowusnama» eserinde gabat gelmek bolýar. Bu oýnuň ilkinji halkara ýaryşy XII asyrda Ýakyn Gündogaryň çapyksuwarlarynyň arasynda Bagdat şäherinde geçirilýär. Ondan soňra Hindistana, Angliýa we Amerika ýaýran sportuň bu görnüşi meşhur güýmenjeleriň birine öwrülýär. Çöwkan oýny «polo» ady bilen 1900-nji ýylda geçirilen ikinji Olimpiýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizilýär.
Naýza zyňmak. Olimpiýa oýunlarynyň ilkinji ýyllaryndan başlap, naýza zyňmak ýaryşlary ýeňil atletikanyň düzüminde geçirilip başlanýar. Oýunçylaryň ylgap gelip, boş meýdança tarap uzyn taýagy zyňmagy arkaly geçirilen sportuň bu görnüşi ilkibaşda meşhur bolmaýar. 1906-njy ýylda häzirki Olimpiýa oýunlaryndan soň naýza zyňmak meşhur sport görnüşine öwrülýär. Polşadan Germaniýa, Şwesiýa we Finlýandiýa ýaýran naýza zyňmak ýaryşlary zenanlaryň arasynda ilkinji gezek 1932-nji ýylda geçirilýär. Olimpiýa oýunlarynda ulanylýan naýzanyň agramy erkekler üçin 800 gram, zenanlar üçin 600 gram bolup, ilkibaşda uzyn taýak has agyr (4-6,5 kilogram) bolupdyr.
Ylgaw. Ylgamak dünýäniň iň gadymy sport görnüşleriniň biridir. Sebäbi sportuň bu görnüşi üçin sport enjamlary ýa-da aýratyn meýdança hökman däl. Ylgaw ýaryşlaryny islendik ýerde – köçede, kenarýakada, düzlükde we ş.m. geçirip bolýar. Ýüwrükleriň arasynda geçirilen has irki ýaryşlar giçki poleolit (daş asyry) döwrüne degişlidir. Miladydan öňki 776-njy ýylda geçirilen Olimpiýa oýunlarynda ylgaw ýaryşlarynyň ilkinji gezek sport görnüşi diýlip tassyklanandygy aýdylýar. Ýöne muňa garamazdan, käbir çeşmelerde ylgaw ýaryşlarynyň miladydan öňki 1829-njy ýylda Irlandiýada geçirilendigi hem agzalýar.
Göreş. Adamzat taryhynda başa-baş söweş sungatynyň ilkinji görnüşi göreş hasaplanýar. Miladydan öňki 150-nji ýyllarda esgerlerdir serkerdeleriň arasynda geçirilen biri-biriňi ýykmak ýaryşy dabaraly günlerde geçirilýän köşk güýmenjeleriniň naýbaşysy hasaplanypdyr. Göreş barada maglumatlar, ýagny diwara oýulyp çekilen 15 müň 300 ýyllyk suratlar ilkinji gezek Fransiýanyň Lasko gowagyndan tapylýar. Güýçlüleriň ýaryşy biziň eýýamymyzdan öňki 708-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň sanawyna girizilýär.