Şu gün agşam Çempionlar Ligasynyň finaly oýnalar: “Arsenalmy” ýa-da PSŽ?!

12

Şu gün agşam PSŽ bilen “Arsenal” Ýewropanyň iň uly kluby bolmak üçin meýdança çykar. UEFA Çempionlar Ligasynyň 71-nji finaly Wengriýanyň paýtagty Budapeştdäki 65 müň 114 orunlyk “Puşkaş Arenada”  oýnalar. Fransiýanyň PSŽ topary bilen Angliýanyň “Arsenal” toparynyň arasyndaky oýna germaniýaly Daniel Sibert eminlik eder. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar we ýüzlerçe teleýaýlym arkaly

PSŽ çempionlygyny goramak isleýär, “Arsenal” ilkinji gezek çempion bolmak isleýär

Geçen möwsümiň çempiony PSŽ taryhynda 3-nji gezek finala çykdy. Mundan öň 2020-nji ýylda hem-de geçen möwsümde finalda oýnan PSŽ çempionlygyny goramak üçin meýdança çykar.

“Arsenal” bolsa 20 ýyldan soň 2-nji gezek finala çykyp, londonlylar 2006-njy ýylda “Barselonadan” 2-1 hasabynda asgyn gelipdi. 2 topar hem öz milli ligalarynda çempionlyk gazanyp, PSŽ finala çenli liga tapgyrynda 4 ýeňiş, 2 deňlik, 2 ýeňliş bilen geldi. PSŽ utulan-çykdy oýunlarynda “Monakony” (3-2, 2-2), “Çelsini” (5-2, 3-0), “Liwerpuly” (2-0, 2-0) hem-de “Bawariýany” (5-4, 1-1) ýaryşdan çykardy.

“Arsenal” ýeňlişsiz finala çykdy

“Arsenal” liga tapgyryndaky 8 duşuşygynda-da ýeňiş gazanmagy başardy we  1/8 finalda “Baýeri” (1-1, 2-0), çärýek finalda (1-0, 0-0) hem-de “Atletikony” (1-1, 1-0) ýeňdi.

PSŽ finala çenli 44 gol geçirip, “Barselonanyň” rekordyna golaýlady. “Arsenal” bolsa 6 gol geçirdip, güýçli goragynyň bardygyny görkezdi.

4-nji gezek…

UEFA Çempionlar Ligasynyň finalynda 4-nji gezek bir ýurduň 2 tälimçisi duşuşar (ispaniýaly Luis Enrike bilen Mikel Arteta). 2003-nji ýylda 2 italýan – Karlo Ançelotti (“Milan”) bilen Marçelo Lippi (“Ýuwentus”), 2013-nji ýylda 2 nemes hünärmeni Ýupp Haýnkes (“Bawariýa”) bilen Ýurgen Klopp (“Borussiýa D”), 2020-nji ýylda ýene-de 2 nemes tälimçisi Hansi Flik (“Bawariýa”) bilen Tomas Tuhel (PSŽ) duşuşypdy.

Şeýle-de bu ýaryşyň çäginde 4-nji gezek 2 paýtagtyň wekilleri finalda oýnar. 1962-nji ýylda “Real” – “Benfika”, 1966-njy ýylda “Real” – “Partizan”, 1971-nji ýylda “Aýaks” – “Panatinaikos” duşuşyklary paýtagt finallary hökmünde hasaba alnypdy.

Duşuşyga toparlaryň şu düzümde çykmagyna garaşylýar:

PSŽ: Safonow; Hakimi, Markinios, Willian Paço, Nuno Mendeş; Zair-Emeri, Witinýa, Žoao Neweş; Due, Dembele, Kwarasheliýa

ARSENAL: Raya; Timber, Saliba, Gabriel, Kalafiori; Raýs, Lýuwis-Skelli, Edegor; Saka, Gýokereş, Trossar