Şu gün, 19-njy maýda Londonyň «Teýt-Modern» muzeýinde geçiriljek dabarada 2026-njy ýylyň Halkara Buker baýragynyň ýeňijisi mälim ediler. Dünýä edebiýatynyň iň abraýly baýraklarynyň biri bolan bu baýragyň baş baýragy 57 müň ýewro barabar bolup, ol iň gowy terjime edilen edebi esere berilýär we bu serişde awtor bilen terjimeçiniň arasynda deň paýlanýar. Mundan başga-da, gysga sanawa giren alty eseriň her biriniň awtoryna we terjimeçisine 3 müň ýewro golaý pul sylagy gowşurylar. Bu abraýly baýrak her ýyl iňlis diline terjime edilen hem-de Beýik Britaniýada ýa-da Irlandiýada çap edilen neşirlere berilýär.
Şu ýylky baýragyň gysga sanawyna dünýäniň dürli dillerinde ýazylan alty sany roman girdi. Emin agzalarynyň başlygy, ýazyjy Nataşa Braunyň bellemegine görä, saýlanyp alnan bu eserler geçen ýüzýyllygyň taryhy pursatlaryny we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny özünde jemleýär. Şeýlelikde, şu ýylky baýrak ugrunda awtor Ýan Şuan-szynyň Ýaponiýanyň kolonial dolandyryşy döwründäki Taýwanyň durmuşyny gürrüň berýän «Taýwan syýahatnamasy» («Taiwan Travelogue») romany, Rene Karabaşyň Albaniýanyň gadymy däp-dessurlarynyň arasynda zenan ykbalyny gozgaýan «Galan zenan» («She Who Remains») eseri, Mari Ndýaýyň maşgala gatnaşyklary baradaky «Jadygöý» («The Witch») romany bäsleşýär. Şeýle-de sanawda Şida Bazýaryň taryhy wakalaryň maşgala durmuşyna ýetiren täsirini dürli nesilleriň dili bilen beýan edýän «Tähranda gijeler ümsüm» («The Nights Are Quiet In Tehran») romany, Daniel Kelmanyň sungat we häkimiýet gatnaşyklaryny kinematografiýanyň üsti bilen açyp görkezýän «Režissýor» («The Director») eseri hem-de Ana Paula Maýanyň ynsan häsiýetlerini sypatlandyrýan «Ýeriň ýüzi astyndaky ýalydyr» («On Earth As It Is Beneath») atly romany bar. Bu ýylky bäsleşigiň özboluşlylygy, gysga sanawa giren awtorlaryň we terjimeçileriň agramly böleginiň zenanlar bolmagydyr.
PDF









