Çempionlar Ligasynyň çärýek finalynyň ýene bir duşuşygyň yklymyň öňdebaryjy başga bir şäherinde, Londondyr Münhen hem-de Barselonadan soň Parižde, ýerli “Pari Sen-Žermen” bilen “Aston Willanyň” arasynda oýnaldy. Duşuşykda 42 ýyldan soň ilkinji gezek çärýek finala çykan “Aston Willa” topary hasaby açdy. Ozalky toparynyň garşysyna çykan Unaý Emeriniň şägirtlerinden Morgan Rojers iňlis klubuny 35-nji minutda öňe saýlady. Ýöne parižlileriň jogaby gijikmedi. 39-njy minutda ýaş ýyldyz oýunçy Desire Due hasaby deňledi. Hüjüm baryny geçiren parižliler 2-nji ýaryma-da gol bilen başladylar. PSŽ-niň gruziýaly ýyldyzy Hwiça Kwarasheliýa çep gyradan owadan urgy bilen toparynyň öňe saýlady. Şondan soňam hüjüm baryny guran PSŽ-de 90+2-nji minutda Nuno Mendeş tapawutlanyp, hasaby 3-1-e ýetirdi.
Umumylykda bassyr 7-nji ýeňşini gazanan PSŽ toparynyň oýunçylary 30 urgy geçirdiler. Bu duşuşykda toparyň tälimçisi Luiz Enrikeniň klubdaky 100-nji duşuşygy boldy (70 ýeňiş, 19 deňlik, 11 ýeňliş). PSŽ-niň ýyldyz oýunçylaryndan Witinýanyň 148 dürs pas geçirip, bu görkeziji soňky 19 möwsümdäki iň ýokary netije boldy. Şeýle-de, “Aston Willa” PSŽ-niň şu möwsümde ýeňen 3-nji iňlis kluby bolup, ol “Mançester Siti” bilen “Liwerpuldan” hem üstün çykypdy. PSŽ-den öň “Bawariýa” bilen “Real Madrid” 1 möwsümde 3 iňlis klubuny utupdy.
Jogap duşuşygy 15-nji aprelde Birmingem şäherindäki “Willa Park” stadionynda oýnalar.