9-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeniýet ulgamyna degişli ministrligiň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň şu ýyl üçin iş meýilnamalarynyň taslamalary barada hasabat berdi.
Iş meýilnamalarynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy, 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi mynasybetli dürli çäreleri geçirmek, döredijilik bäsleşiklerini yglan etmek, halkara medeni hyzmatdaşlygy, şol sanda syýahatçylygy mundan beýläk-de ösdürmek, maddy we maddy däl medeni mirasymyzy öwrenmek, giňden wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklerde rejeleýiş, dikeldiş işlerini alyp barmak we ylmy taýdan öwrenmek, edara-kärhanalaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak, teatrlarda döwrüň ruhuny beýan edýän eserleriň sahnalaşdyrylmagyny, halkymyza ýokary derejeli medeni hyzmatlaryň guralmagyny gazanmak boýunça degişli işler göz öňünde tutulýar. Şeýle hem döwlet maksatnamalaryndan, sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek, köptaraplaýyn we milli hödürnamalary ÝUNESKO-nyň abraýly sanawlaryna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek, Oguz han adyndaky “Türkmenfilm” birleşigi tarapyndan dürli filmleri surata düşürmek, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikleri köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden şöhlelendirmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, medeniýet ulgamynyň işini döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň, medeni mirasymyzy öwrenmek, taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek işlerini dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz medeniýet ulgamynyň 2026-njy ýyl üçin iş meýilnamalaryny makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
PDF









