Gadymy Daşoguz topragy Merkezi Aziýa halklarynyň edebiýatynyň genji-hazynasyna gaýtalanmajak onlarça taryhy, medeni baýlyklary, şahyrana durmuş mukaddeslikleri peşgeş beren irki orta asyr sebitleriň biri hasap edilýär. Golaýda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Alpamyş» eposynyň türkmen mirasyndaky orny» ady bilen aýdym-sazly dostluk dabarasy geçirildi.
ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Türkmenistanyň milli toparynyň sekretariatynyň meýilnamasyna laýyklykda geçirilen, halklaryň köpasyrlyk dost-doganlyk gatnaşyklarynyň döwrebap ösdürilmegi, hyzmatdaşlygynyň çuňlaşdyrylmagy, medeni mirasynyň, sungatynyň, däp-dessurlarynyň umumy we meňzeş ykballaryny, täze ösüşlerini şöhlelendirmegi baş maksat edinen dabarada dürli türki halklaryň edebi, jemgyýetçilik, muzeý, taryhy, şekillendiriş, amaly-haşam, kitap, haly, el işleri ýaly döwürleýin milli sungat görnüşleriniň 20-ä golaý ugurlarynyň gymmatlyklary, sergileri giňden ýaýbaňlandyryldy.
Sungatlar sözleşende kalplar ylhamlanýar, köňüller joşýar, durmuş gözelleşýär, bitewüligiň, raýdaşlygyň, jebisligiň güýji has-da kuwwatlanýar. Halklaryň medeniýet baýramçylygynda gadymy «Alpamyş» kyssalar toplumynyň türkmen edebiýatyndaky çeperçilik ähmiýetine, gymmatyna we öwrenilişine uly orun berildi. «Alpamyş» şadessany Merkezi Aziýa halklarynyň «Manas», «Görogly», «Gorkut ata», «Şasenem-Garyp», «Koblandy batyr», «Ýer Targyn», «Kozy Körpeş» dessanlary ýaly özüniň ýazuw we agzeki nusgalarynyň gözbaşyny has irki döwürlerden alyp gaýdýar.
Gündogar halklarynyň edebiýatynda uly orny eýeleýän «Alpamyş» dessany biziň günlerimize görnükli folklorçylaryň, ussat ozonçylaryň repertuary arkaly gelip ýetipdir. Alpamyş sözi batyr, edermen, gaýduwsyz, mert, dogumly, ussatlygy ezber diýmekligi aňladýar. Şadessanda türki halklaryň irki orta asyr epiki, liriki rowaýatlary, dürli asyrlaryň ertekileri, kyssalary, Türk kaganaty, Altyn Orda, Seljuklar, Aralýaka toponimikasynyň halk adalgalary, pälwançylyk emelleri, maşgala edepleri, dostluk, doganlyk, söwda, salgyt, pul-haryt gatnaşyklary, nebere, urug ahlak kadalary, derýalardan, aw ýaraglaryndan, seýisçilik, ýazuw hatdatçylyk sungatyndan peýdalanmagyň gadymy medeniýeti, watançylyk, gahrymançylyk, wepalylyk, ygrarlylyk, agzybir ojaklarda, mertebeli köşklerde uzak ömür sürüp ýaşamak duýgulary, zenan, tebigatyň çöl, sähra, dag, öri meýdan gözellikleri, halal zähmet çekmek, çarwa durmuşy bilen bagly aýry-aýry sýužetlerde türkmen halkyna kybapdaş, umumy we ýakyn bolan ykballar, durmuş gymmatlyklary, milli häsiýetler, hakykatyň dogruçyl beýanlary, şahyrana äheňleri köp duş gelýär.
Iki bölümden ybarat bolan, ýaýrawy boýunça Merkezi Aziýa halklarynyň arasynda gadymy edebi çeşmeleriň 10-synyň biri hasap edilýän «Alpamyş» eposynda oguz, skif, sak, orhon, «Ergenekon», «Bozgurt», «Alp Är Töňňe», «Tumar şa» hakyndaky ýazuw ýadygärlikleriniň çeperçilik stillerine we altaý ülkeleriniň ýaşaýyş-durmuş medeniýetine, däplerine, toý dessurlaryna meňzeş bolan elementlere hem duş gelmek bolýar. Akademik W.W.Bartold özüniň ylmy işlerinde «Kitaby dädem Gorkut» diýlip atlandyrylan eseriň gadymy golýazmasynda duş gelýän «Baý Bugra ogly Bamsy Birek boýy» bölümindäki edebi ýordumlaryň we gahrymanlaryň käbiriniň atlary babatda «Alpamyş» eposynda duş gelýändigini belläpdir.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.