Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç ýurduň bir palataly parlamenti bolan Halk Skupşinasynyň häzirki çagyrylyşyny ýatyrmak hakyndaky karara gol çekdi we nobatdan daşary parlament saýlawlarynyň şu ýylyň 25-nji oktýabrynda geçiriljekdigini mälim etdi. “NIN” žurnalynyň berýän habaryna görä, bu möhüm syýasy ädim hökümet tarapyndan 7-nji sentýabrda berlen teklibiň esasynda amala aşyryldy.
Prezidentiň gol çeken degişli Permany «Serbiýa Respublikasynyň resmi ýüztutmasynda» çap edilen gününden başlap güýje girýär. Belläp geçsek, ýurduň öňki parlament saýlawlary 2023-nji ýylyň 17-nji dekabrynda geçirilipdi.
PDF








