Dünýä futbolynyň super ýyldyzy, portugaliýaly oýunçy Kristiano Ronaldo şu gün 40 ýaşady. 1985-nji ýylyň 5-nji fewralynda Portugaliýanyň Madeira adasynyň Funşal şäherinde dünýä inýär. Çagalyk ýyllarynda ýurduň “Andorinýa”, “Nasional” klublarynda oýnan Ronaldo 1997-nji ýylda “Sportingiň” ýaşlar düzümine goşulýar. 2002-nji ýylda bu toparyň esasy düzüminde oýnap başlan Ronaldo soňlugy bilen “Mançester Ýunaýtedde” (2003-2009), “Real Madridde” (2009-2018), “Ýuwentusda” (2018-2021), täzeden “Mançester Ýunaýtedde” (2021-2022) çykyş edýär.
2023-nji ýylyň ýanwaryndan bäri Saud Arabystanynyň “Al Nassr” klubunda oýnap gelýän Ronaldo 17 ýaşynda başlan professional karýerasynda 40 ýaşyna çenli 923 gol geçirýär. 30 ýaşyna çenli 463, 30 ýaşdan soň 460 gol geçiren Ronaldonyň indiki maksady 1000 gola ýetmek. Soňky 11 oýunda 15 gezek tapawutlanan super ýyldyzyň bu maksadyna ýetip ýetmejekdigini wagt görkezer. Ronaldo iň az gol geçiren ýaşy 19 ýaşynyň içinde bolup, 1 gezek tapawutlanýar. Onuň iň köp gol geçiren ýaşy 28 bolup, ol 2012-nji ýylyň 5-nji fewralyndan 2013-nji ýylyň 5-nji fewralyna çenli aralykda 67 goly derwezä girizýär.
Her ýaşynda näçe gol geçirdi?
Ol 18 ýaşynyň içinde 5, 19 ýaşynda 1, 20 ýaşynda 17, 21 ýaşynda 13, 22 ýaşynda 26, 23 ýaşynda 40, 24 ýaşynda 30, 25 ýaşynda 28, 26 ýaşynda 53, 27 ýaşynda 59, 28 ýaşynda 67, 29 ýaşynda 64, 30 ýaşynda 60, 31 ýaşynda 58, 32 ýaşynda 54, 32 ýaşynda 53, 34 ýaşynda 49, 35 ýaşynda 45, 36 ýaşynda 40, 37 ýaşynda 41, 38 ýaşynda 17, 39 ýaşynda 53 hem-de 40 ýaşynyň içinde 50 gol geçirdi.
Haji 60, Neýmar 33 ýaşady
Şol bir wagtyň özünde 5-nji fewralda braziliýaly ýyldyz futbolçy Neýmaryň 33, rumyniýaly ozalky ýyldyz oýunçy George Haji 60, argentinaly belli futbolçy Karlos Tewez 41, niderland goragçy Jowanni wan Bronkorst 50, başga bir niderland oýunçy Stefan de Wreý 33 ýaşyny doldurdy.