Portugaliýaly super ýyldyz Kristiano Ronaldo bilen angliýaly meşhur režissýor Mattýuw Won bilelikde kino studiýa gurdy. Täze tehnologiýalary özleşdirip, şol bir wagtyň özünde-de dowam edýän ýola-da hormat goýýar diýen düşünje esaslanýan bu studiýa “UR•Marv” diýlip atlandyrylýar. Garaşsyz filmleri öndürmegi göz öňünde tutýan studiýa ilkinji babatda iki sany doly tamamlanmadyk uruşly filmi ekranlaşdyrmakçy bolýar.
Ýyldyz futbolçy studiýa bilen baglanyşykly: Biznes äleminde täze başlangyçlara ädim ädýändigim üçin tolgunýaryn” diýdi. Kinematografiýasynda “Layer Cake” (2004), “Kick-Ass” (2010), “X-Men: First Class” (2011), “Kingsman” filmleri, “Argylle” (2024) ýaly ekran eserleri bar bolan režissýor: “Kristiano, meniň ýaşyl meýdançalarda ýazyp bilmejek hekaýalarymy döretdi. Onuň bilen täze ylham çeşmesi bolup biljek filmleri döretmekçi. Ol hakyky super gahryman” diýip, beren beýanatynda belläp geçdi. Režissýor gelejekde bu studiýanyň üsti bilen Kingsman filmleriniň ýene ikisini ekranlaşdyrmakçy bolýandyklaryny aýtdy.