Angliýanyň Liga Kubogy ýaryşynda (EFL Cup) 1/8 finalda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. “Premier Liganyň çempiony, bu ýaryşda geçen möwsümiň finalçysy “Arsenal” üçin bäsleşik tamamlandy. “Arsenaly” ýaryşdan çykaran topar bolsa 4-nji ligada, “EFL League Two”-da çykyş edýän “Flitwud Tawn” topary boldy. Duşuşyk “Arsenalyň” ozalky stadiony “Highbury” bilen atdaş stadionda 5 müň janköýeriň şaýatlygynda geçdi. Oýnuň 21-nji minutynda ýer eýeleri Lupalo-Biniň goly bilen öňe saýlandy. Londonlylar 50-nji minutda hasaby deňlemegi başardy. Duşuşygyň 86-njy minutynda “Arsenalyň” ýaş oýunçysy Dawman gyzyl kart aldy. Oýundan soň penalti urgulary ýerine ýetirilip, “Flitwud Tawn” topary 5-3 hasabynda üstün çykdy we çärýek finala adyny ýazdyrdy.

3-nji liganyň iki wekili “Bredford Siti” bilen “Piterboro Ýunaýtediň” arasyndaky duşuşykda ýer eýeleri 2-0 hasabynda ýeňiş gazandy.
1/8 finalyň galan duşuşyklary şu gije (“Mançester Siti” – “Braýton”, “Bornmut” – “Aston Willa”, “Fulham” – “Kristal Palas”, “Sanderland” – “Brentford”, “Liwerpul” – “Çelsi”) hem-de ertir gije (“Ewerton” – “Nýukasl”) oýnalar.
PDF








