Hy­taý teh­no­lo­gi­ýa we yl­my-bar­lag müm­kin­çi­lik­le­ri­ni ös­dür­mek, se­na­gat­da ne­ti­je­li­li­gi ýo­kar­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len su­per­komp­ýu­ter­le­riň ara­syn­da tor dö­ret­me­gi me­ýil­leş­dir­ýär. Ýur­duň bi­lim we teh­no­lo­gi­ýa mi­nistr­li­gi bu ba­ra­da mas­la­hat­laş­mak mak­sa­dy bi­len ýo­ka­ry okuw jaý­la­ry, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry we kom­pa­ni­ýa­la­ryň we­kil­le­ri bi­len ýyg­nak et­di. Ýur­duň de­mir­ga­zy­gyn­da­ky Týans­zin şä­he­rin­dä­ki mas­la­hat­da ula­ny­jy­la­ryň öza­ra bag­la­ny­şyk­ly köp san­ly su­per­komp­ýu­te­re brau­zer ar­ka­ly bi­ri­gip bil­jek tor mo­de­li ba­ra­da pi­kir alyş­dy­lar.
Su­per­komp­ýu­ter­le­ri iş­läp taý­ýar­la­ýan 15 ýo­ka­ry okuw mek­de­bi­niň we­kil­le­ri tas­la­ma gat­naş­mak is­le­ýän­dik­le­ri­ni, bu tas­la­ma­nyň dur­mu­şa ge­çi­ri­len ýag­da­ýyn­da se­na­gat­da­ky bir­nä­çe me­se­lä­ni ara­dan aý­ryp bil­jek­di­gi­ni aýd­ýar­lar.
Bu tas­la­ma­nyň awia­si­ýa, der­man se­na­ga­ty, me­teo­ro­lo­gi­ýa, ma­li­ýe we beý­le­ki bir­nä­çe ugur­da peý­da bol­jak­dy­gy bel­le­nil­ýär.
Hy­taý dün­ýä­de su­per­kom­ýu­te­ri bo­lan az san­ly ýur­duň bi­ri­dir. Soň­ky ýyl­lar­da ýurt­da has güýç­li su­per­komp­ýu­ter­ler gu­rul­ýar. Ge­çen ýy­lyň okt­ýab­ryn­da­ky reý­ting­de dün­ýä­dä­ki 500 su­per­komp­ýu­te­riň 162-si­niň Hy­taý­da­dy­gy we bu ugur­da dün­ýä­de bi­rin­ji orun­da dur­ýan­dy­gy mä­lim edi­lip­di. Sa­naw­da ABŞ 126 su­per­komp­ýu­ter bi­len ikin­ji bo­lup­dy.

Ja­han Ba­ba­ýe­wa, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.