Tomsuň tüp yssy günleriniň birinde kakam ikimiz surat studiýasyndan çykyp, öýe geldik. Biz maşgala bolup her birimiziň aýratynlykda düşen suratlarymyzy synladyk.
Atamyň suraty çal reňkde çykypdyr:
– Garrylygyň alamaty bolsa gerek – diýip, atam başyny ýaýkady. Enemiň suraty gara çykypdyr:
– Ýöne saçlarym ak – diýip, enem dillendi. Kakamyň suraty goňur çykypdyr. Ol surata siňe seredip:
– Juwanlygyň alamaty bolsa gerek – diýdi. Ejemiň suraty ýaşylymtyl çykypdyr.
– Bul-a bag ýaly bolupdyr – diýip, ejem dillendi. Agamyň suraty göm-gök bolup çykypdyr.
– Edil deňziň bar-da – diýip, agam ýylgyrdy. Gyz doganymyň suratynda bolsa, her tüýsli reňk öwüsýärdi. Ol:
– Meniň suratymda pasyllaryň bary – bahar, tomus, güýz we gyş bile gelipdir – diýip şatlandy. Meniň suratym bolsa gülgün bolup çykypdyr.
– Be.. bu şemdany gülleriniň reňkini hem ýatlatman duranok – diýip, suratyma içgin göz gezdirdim.
Güýz gelende güýçli ýeller öwsüp başlady. Kakam howlymyzyň bir çetinde guran ýapraklary otlap durka, ýanýan ýapraklaryň ajy tüssesi ýüzüme urup, gözlerimi ýaşartdy. Men bu bolşy halaman gözlerimi owkaladym. Şol wagt güýçli şemal elimdäki suratlary göterip, oda taşlady.
Men:
– Wah, suratlarymyz, suratlarymyz – diýip, oduň içinde çabyrap ýanyp ugran suratlaryň daşynda elewredim.
Kakam suratlary çekip çykaryp durka, oduň ýalny ellerini az-owlak daglap aldy. Biz ýarym ýanan suratlara seredip, ýüregimiz awady.
Kakam:
– Gynanmaň, men olary täzeden çykartmaga bererin – diýip, göwünlik berdi. Biz begendik. Gyz doganym has-da begendi.
Gyşda kakam ýarym ýanyk suratlarymyzy surat studiýasyna äkitdi. Suratçy näçe kyn düşenem bolsa, suratlarymyzy gaýtadan dikeldip berdi. Kakam ikimiz suratlary öýe getirdik. Hemmämiz ýygnanyşyp, suratlary görüp ugradyk. Siziň maňa ynanmazlygyňyz hem mümkin. Belki-de meniň aýdýanlaryma gülersiňiz. «Bularyň baryny düýşünde görüpdir» diýjegem tapylar.
Atamyň ýarysy ýanan suratynda diňe jübi sagadynyň döwük şekili galypdyr. Garry enemiň suratynda bolsa, diňe goňralan elleriniň şekili galypdyr. Kakamyň suratynda diňe ýarysy ýanan bir düzüm açaryň şekili galypdyr. Ejemiň suratynda nika ýüzüginiň çat açan şekili galypdyr. Agamyň suratynda bolsa, boýdan-başa tüssä gaplanan şekilini gördük. Gyz doganymyň az-kem ýanan suratynda bolsa, aýna daragyň döwük şekili galypdyr. Meniň gülgün suratymyň reňki solup, sülleren bir şemdany gülüni görenimizde, hemmämiziň nebsimiz agyrdy.
– Ýene-de surata düşeris. Bu ýerde gynanara zat ýok ahyryn – diýip, kakam göwünlik berdi. Muňa biziň hemmämiz begendik. Gyz doganym has-da begendi.
Ýaz paslynda bir gün irden biziň howlymyza suratçy geldi.
Atam gelip, fotoenjamyň göni öňünde oturdy-da ýylgyrdy. Ol öz ýany bilen uly sagat hem getiren eken. Şoňa görä ol gülse-de, gelişmän durjak däldi. Enem gelip, atamyň gapdalynda oturdy-da ýylgyrdy. Onuň ellerinde bir aýna bilen iki sany şemdan bardy. Kakam gelip, enemiň gapdalynda oturdy-da, mys-mys ýylgyrdy. Onuň elinde kümüşden edilen ýalpyldawuk açar düzümi bardy. Ejem geldi-de, kakamyň ýanynda oturdy. Onuň elinde lowurdap duran tylla ýüzük bardy. Ejem hem ýylgyrdy. Agam geldi-de, ejemiň gapdalynda oturdy. Onuň egninde deňizçileriň eşigi bardy. Kakam oňa garap:
– Ýylgyr-da – diýdi. Gyz doganym geldi-de, agamyň gapdalynda oturdy. Onuň elinde bolsa, aýna daragy bardy. Hemmesi ýylgyrýardy. Ejem gyz doganyma garap:
– Gaty gülme – diýdi. Menem gelip, atamyň we enemiň öňündäki ýerde oturdym. Meniň elimde bolsa, şemdany güllerinden doly güldan bardy.
Surat studiýasyndan getiren suratlarymyzy görüp örän begendik.
– Bu hiç-le. Eger gerek bolsa, biz pasyllaryň ählisinde-de howlymyzda surata düşüp bileris – diýip, kakam dillendi. Kakam bize söz berdi-de işe gitdi.
Tomus günleriniň birinde säher bilen biziň hemmämiz maşgala bolup, howlymyzda suratçynyň fotoenjamynyň öňünde oturdyk.
Gyz doganym we giýewimiz toý lybasyndady. Atam uly sagadyny gyz doganyma berdi. Enem gyz doganyma aýnasyny we şemdanlaryny uzatdy. Kakam bir düzüm açarynyň içinden ýalpyldap duran bir kümüş açary aýryp, gyz doganyma berdi. Ejem şol tylla nika ýüzügi gyz doganyma berdi. Agam gyz doganyma birnäçe deňiz sadabyny berdi. Men gyz doganyma şol şemdanyly güldany berdim. Suratçy biziň suratymyzy aldy-da ýylgyrdy.
Biz soňra şol suraty gördük. Biziň hemmämiz bir suratdadyk. Hemmämizem şap-şadyýandyk.
Pars dilinden terjime eden
Gurbandurdy Hojaýew,
Türkmenistanyň ussat mugallymy, Etrek etrabynyň
Gyzylbaýyr obasynyň ýaşaýjysy.