Hytaýyň tehnologiýa kompaniýalary tarapyndan işlenip taýýarlanan 3 sany sürüjisiz awtobusyň söwda maksatly hereketi ýola goýuldy. “Baidu” kompaniýasynyň 4-nji derejeli awtonom sürüş tehnologiýasy bilen üpjün edilen awtobuslar ýurduň günorta-günbataryndaky Çunsin şäheriniň köçelerinde hereket edýär. Ulaglar sagatdaky tizligi 40 kilometre ýetýär. “Robobus” awtobuslarynyň uzynlygy 5,9 metr. Bu ulaglar çylşyrymly şäheriçi dyknyşykly ýollarda howpsuz hereket edip bilýärler. Kompaniýanyň Çunsindäki awtonom sürüş bölüminiň howpsuzlyk boýunça işgäri Žan Şangui häzirki wagtda Guançžou we Sançžou we beýleki şäherlerde hem awtonom awtobuslaryň hereketiniň ýola goýlandygyny belleýär. Çunsin bolsa, söwda maksatly gatnawyň ýola goýlan ilkinji şäheri bolupdyr. Ýolagçylar bu awtobusa münmek üçin “akylly” kartlaryny ýa-da “Baidu”-nyň işläp taýýarlan kart okaýjylaryny ulanyp, töleg geçirip bilýärler. Awtobusa münmek üçin öňünden ýer belletmek hem hökman däl.