Suw 100 derejede gaýnaýan organiki däl birleşmeleriň biridir. Suw islendik gyzgynlykda bugaryp we ýylap bilýär. Emma tagamsyz, yssyz we reňksiz bu himiki madda 100 derejeden soňra dolulygyna gaýnaýar. Suwuň gaýnamagyna, ilki bilen, düzümindäki minerallar we duzlar täsir edýär. Mysal üçin, deňiz suwy (şor suw) süýji suwa görä, haýal gaýnaýar. Adaty suw -32 derejede doňýan bolsa, şor suw -28 derejede gaty hala geçýär.
Suwuň gaýnamagyna täsir edýän ýagdaýlaryň ýene biri hem atmosfera basyşydyr. Suwuň gaýnaýşy basyşa görä üýtgeýär. Atmosfera basyşy ýokary çykylanda peselýär, ummanlaryň düýbüne çümülende bolsa beýgelýär. Şol sebäpli has uly belentliklerde suw az derejede gaýnaýar. Mysal üçin, atmosfera basyşynyň kadaly ýagdaýynda suw 100 derejede gaýnaýan bolsa, Ýeriň iň beýik nokady bolan Jomolungma depesinde (8848 metr) suwuklyk 70 derejede gaýnaýar. Deňiz derejesinden has pes ýerlerde bolsa suwy gaýnatmak üçin 120-130 dereje gyzgynlyk gerek bolýar.