“Shell” kompaniýasy energiýanyň halkara söwdasy barada maglumat taýýarlady. Maglumatda Angliýa hem hasaba alnanda Ýewropa ýurtlary geçen ýyl 121 million tonna suwuklandyrylan gaz import edipdir. Şeýlelikde sebitiň suwuklandyrylan gaz importy ozalky ýyldakydan 60 göterim artypdyr. Bu ýagdaý suwuklandyrylan gazyň bahasynyň hem artmagyna getiripdir. Çaklamalara görä, dünýäde suwuklandyrylan gaza bolan isleg 2040-njy ýyla çenli 650-700 million tonna ýeter. Şeýle hem geçen ýyl suwuklandyrylan gazyň halkara söwdasy 16 million tonna artyp, 397 million tonna ýetendigi bellenilýär.
Geçen ýyl Hytaýyň suwuklandyrylan gaz importy bolsa, 19 göterim, ýagny 15 million tonna azalypdyr. 2022-nji ýylda ABŞ-nyň suwuklandyrylan gaz eksporty 8 million tonna artyp, jemi 80 million tonna ýetipdir. Şeýlelikde ABŞ Katardan öňe geçipdir. 2030-njy ýyla çenli global suwuklandyrylan gaz üpjünçiliginiň bu iki ýurda degişli boljakdygy çaklanylýar.
Rahmanberdi Gylyçdurdyÿew, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy.
PDF









