Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy, türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Gurbanguly Berdimuhamedow Aş­ga­bat şä­he­ri­niň tö­we­rek­le­ri bo­ýun­ça iş sa­pa­ry­ny ama­la aşyr­ma­gyň bar­şyn­da Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň hem-de beý­le­ki aka­ba­la­ryň su­wu­ny re­je­li peý­da­lan­mak, der­ýa­nyň ka­da­ly aky­my­ny üp­jün et­mek, onuň ke­nar­la­ry­ny ber­kit­mek me­se­le­le­ri­ne aý­ra­tyn üns ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz iş sa­pa­ry­nyň do­wa­myn­da Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň 798-nji ki­lo­met­rin­de ýer­leş­ýän köp­ri­niň üs­tün­de sak­lan­dy. Bu ýer­de Mil­li Li­de­ri­mi­zi Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry, da­şa­ry iş­ler mi­nist­ri R.Me­re­dow, Ahal we­la­ýa­ty­nyň mer­ke­zi­niň gur­lu­şy­gy bo­ýun­ça döw­let ko­mi­te­ti­niň baş­ly­gy D.Ora­zow, Ar­ka­dag şä­he­ri­niň hä­ki­mi Ş.Dur­dy­ly­ýew, Aş­ga­bat şä­he­ri­niň hä­ki­mi R.Gan­dy­mow, şeý­le-de “Alt­kom” we “In­ter­bud­mon­taž” kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry A.Tis­len­ko hem-de W.Pet­ruk mü­bä­rek­le­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy hä­zir­ki dö­wür­de ýur­du­myz­da suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak, ýer­le­riň ha­syl­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak, top­ra­gy gurp­lan­dyr­mak mak­sa­dy bi­len, su­wa­ry­şyň tä­ze usul­la­ry­ny giň­den or­naş­dyr­mak me­se­le­le­ri­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýän­di­gi­ni aýt­dy. Şun­da öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry or­naş­dyr­mak, ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa aba­dan­çy­ly­gy­ny pug­ta­lan­dyr­mak mö­hüm we­zi­pe­le­riň ha­ta­ryn­da kes­git­le­nil­di. Şeý­le hem Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz ýur­du­my­zyň suw how­dan­la­ry­ny we aka­ba­la­ry­ny göw­ne­jaý ýag­daý­da sak­la­mak, ola­ry aras­sa­la­mak me­se­le­le­ri­ne uly üns be­ril­ýän­di­gi­ni bel­läp, bu me­se­le­le­ri çöz­mek­de da­şa­ry ýurt­ly hyz­mat­daş­la­ry­my­zyň ösen tej­ri­be­le­ri­ni ulan­ma­gyň mak­sa­da­la­ýyk bol­jak­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Ga­ra­bo­gaz­köl aý­la­gy­nyň üs­tün­den geç­ýän köp­ri­niň gur­lu­şy­gy yna­ny­lan “Alt­kom” kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ýol­baş­çy­sy hä­zir­ki wagt­da des­ga­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň ýag­da­ýy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di. “In­ter­bud­mon­ta­žyň” ýol­baş­çy­sy bol­sa ýur­du­myz­da gur­lan la­gym ul­gam­la­ry­nyň iş­leý­şi ba­ra­da mag­lu­mat ber­di. Olar dün­ýä­de yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş hök­mün­de yk­rar edi­len we da­şa­ry ýurt­ly kom­pa­ni­ýa­la­ryň ne­ti­je­li iş­le­mek­le­ri üçin amat­ly şert­ler dö­re­di­len Türk­me­nis­tan­da ama­la aşy­ryl­ýan tas­la­ma­la­ra gat­naş­ma­gyň öz­le­ri üçin uly hor­mat­dy­gy­ny bel­läp, bu ugur­da top­lan tej­ri­be­le­ri­ni öz iş­le­rin­de ne­ti­je­li ulan­ma­ga taý­ýar­dyk­la­ry­ny nyg­ta­dy­lar.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy ýur­du­my­zyň äh­li der­ýa­la­ryn­da, suw aka­ba­la­ryn­da, şol san­da Ga­ra­gum der­ýa­syn­da su­wuň ka­da­ly aky­my­ny üp­jün et­me­giň, aý­ra­tyn-da, bu iş­le­re gyş pas­lyn­da örän jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň wa­jyp­dy­gy­na ün­si çek­di. Der­ýa­la­ryň ýa­ka­syn­da bag na­hal­la­ry­nyň otur­dyl­ma­gy, ola­ryň ke­na­ry­nyň ber­ki­dil­me­gi bi­len ýur­du­myz­da eko­lo­gi­ýa ýag­da­ýy­nyň has-da go­wu­lan­ma­gy hem üp­jün edi­ler. Hor­mat­ly Ar­ka­da­gy­myz yl­myň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny ulan­mak ar­ka­ly suw se­riş­de­le­ri­ni re­je­li peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň ze­rur­dy­gy­ny nyg­tap, de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hä­zir­ki wagt­da do­wam ed­ýän aýaz­ly ho­wa­nyň ne­ti­je­sin­de Ga­ra­gum der­ýa­sy­nyň we beý­le­ki aka­ba­la­ryň kä­bir ýer­le­rin­de buz gat­lak­la­ry­nyň eme­le ge­len­di­gi­ni bel­läp, der­ýa­la­ryň ke­nar­la­ry­ny ber­kit­mä­ge, ka­da­ly suw akym­la­ry­nyň üp­jün edil­me­gi­ne jo­gap­kär­çi­lik­li çe­me­leş­me­giň mö­hüm­di­gi­ni aýt­dy hem-de hem­me­le­re öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri ýe­ri­ne ýe­tir­mek­de üs­tün­lik­le­ri ar­zuw et­di.