Beýik Britaniýanyň ýaşaýjysy Jeýms Stile 50 ýyl mundan öň ýitiren şweýsar sagadyny gowşurdylar. Sagat metal gözleýji enjam arkaly tapyldy. Bu barada “Mirror” web saýty habar berdi.
Fermer Jeýms Stil 1950-nji ýylda goşar sagadyny satyn alandygyny gürrüň berdi. Ol şol döwürde sagada 100 funt sterling töläpdir, bu häzirki 4,5 müň funt sterlinge deňdir. 1970-nji ýyllaryň başynda Jeýms sygyr bakyp ýörkä sagadyny ýitirýär. Ol sagadyny ýitiren ýerini näçe gözlese-de, tapmaýar. Stil sagadyny bakyp ýören sygyrlarynyň biriniň ýuwdan bolmagynyň mümkindigini çaklaýar.
-Men gaty gynandym, ýöne ýene-de pul ýygnap, täzesini satyn aldym – diýip goja aýtdy.
50 ýyl soň hazyna gözleýji Liam King garry fermeriň oglundan demir detektory bilen süýt fermasynyň içinden geçmäge rugsat soraýar. Ol adam köne şaýylyklary tapmagy umyt edipdir, ýöne ol Jeýms Stiliň sagadynyň üstünden barýar. King sagady hakyky eýesine gowşurdy.
-Men gaty begendim, sebäbi men bu sagady ýene-de görerin öýtmeýärdim – diýip 95 ýaşly Stil aýtdy.
Topragyň astynda galan sagadyň reňki gögerip giden hem bolsa, poslamandyr. Fermer sagady bejertmek niýetiniň ýokdugyny ýöne ýadygärlik hökmünde şo bolşuna saklajakdygyny gürrüň berdi.