Geçen ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenildi. Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi. Şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizildi. Şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň hataryna goşuldy. Paýtagtymyzyň günorta böleginde Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi we täze medeni-seýilgäh toplumy açyldy. Akyldar şahyryň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen goşgulary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitap çap edildi we dürli dillere terjime dildi.
Täze, 2025-nji ýylyň – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiziň 2024-nji – «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitaby çapdan çykdy we bu kitap ähli halkymyz we giň okyjylar köpçüligi üçin bahasyna ýetip bolmajak ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Kitapda türkmen halkynyň durmuşynda, dünýä edebiýatynyň altyn hazynasynda Magtymguly Pyragynyň eýeleýän orny giňişleýin açylyp görkezilýär. Şeýle-de akyldar şahyryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli mirasy, edebiýaty bar. Nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, ajaýyp goşgulary ynsan kalbyny ruhlandyrýar. Magtymguly atamyz XVIII asyrda ýaşan, türkmen nusgawy edebiýatynyň kämilleşmegine örän uly goşant goşan, türkmen edebi dilini ösdürmekde uly işler bitiren şahyrdyr. Magtymguly atamyz tutuş adamzada söz mülküni – bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak pähimleri, nesihatlary, öwüt-ündewleri ýadygär goýdy. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Magtymguly özüniň beýikligi bilen türkmeni beýgeldýär.
Her halkyň başyna täç edýän gymmatlyklary bolýar. Magtymguly Pyragy yraklary ýakynlaşdyran, şygyrlary bilen göwünleri şat eden, gudrat kimin asyrlaryň sönmez çyragyna öwrülen akyldar şahyrdyr. Şahyryň döredijiligine ser salsaň durmuşyň ähli ýollaryny aňynda aýlan we şol ýollardan nädip baş alyp çykmalydygy hakynda pikir eden, şol ýollaryň çözgüdini öwüt-ündew, şirin zybanlylyk bilen beýan eden ussada gözüň düşýär. Şeýle inçeden sünnäläp ýazylan setirler kalbyň taryna kakýar. Ussadymyzyň zerden zynatly her bir setiri hiç wagt öz gymmatyny ýitirmeýär. Çünki Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde akyl bar, akym bar, many-mazmun bar. Beýik ynsanyň şygyrlary adamlary durmuşa ugrukdyrýar, ýola salýar. Dana Pyragynyň halkymyzyň beýik şahyry bolandygyna guwanýarys, beýik şahyry gymmatlyk saýýan halkymyzyň bardygyna bolsa diýseň buýsanýarys.
Şygyr ýazsam keşbiň gelýär gözüme,
Togap edýäs her mukaddes sözüňe,
Göwherden gaşsyň sen dünýäň ýüzüne,
Ruhuň dostlaşdyrar ýakyn-yragy
Ussadymyz Magtymguly Pyragy.
Dünýä aşyk bu gün seniň adyňa,
Ýer ýüzüne ýaýran şöhrat-şanyňa,
Ýaşlar her ädimde salyp ýadyna,
Şygyr äleminiň belent çynary
Ussadymyz Magtymguly Pyragy.
Şirin Orazmyradowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.