Şu ýy­lyň bi­rin­ji çär­ýe­gin­de Hy­ta­ýa ba­ran sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny gör­ne­tin ar­typ­dyr. Ýur­duň Mil­li mig­ra­si­ýa eda­ra­sy­nyň mag­lu­ma­ty­na gö­rä, ýan­war-mart aý­la­ryn­da da­şa­ry ýur­da gi­den­le­riň we ge­len­le­riň umu­my sa­ny 163 mil­li­on bo­lup­dyr. Şeý­le­lik­de, umu­my sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 15,3 gö­te­rim ýo­ka­ry bo­lup­dyr. Bu dö­wür­de ýur­duň gu­ry ýer bö­le­gin­de ýa­şa­ýan­la­ryň sy­ýa­ha­ty 15,4 gö­te­rim ar­typ, 80,27 mil­lio­na, da­şa­ry ýurt­ly sy­ýa­hat­çy­la­ryň sa­ny 33,4 gö­te­rim ar­typ, 17,44 mil­lio­na ýe­tip­dir. Hy­ta­ýa bar­ýan myh­man­la­ryň art­ma­gyn­da ge­çen ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da köp san­ly ýur­duň ra­ýa­ty­na gys­ga wagt­lyk sy­ýa­hat­la­ryň ýe­ňil­leş­di­ril­me­gi­niň tä­si­ri­niň bar­dy­gy bel­le­nil­di. Hy­taý ge­çen ýyl dün­ýä­niň bir­nä­çe ýur­du­nyň ra­ýat­la­ry­na, şol san­da Ýew­ro­pa ýurt­la­ry­nyň ra­ýat­la­ry­na gys­ga wagt­lyk sy­ýa­hat­la­ryn­da yg­ty­ýar­na­ma ta­lap et­me­gi bes edip­di. Şeý­le hem üs­ta­şyr ja­han­keş­de­le­riň ýurt­da gal­ma­gy­na yg­ty­ýar be­ril­ýän wag­ty kö­pel­dip­di.

Mi­ras AWI­L­ÝA­KU­LY­ÝEW,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby.