Şweýsariýanyň «Julius Baer» bankynyň taýýarlan hasabatyna görä, Singapur eýýäm dördünji ýyl yzygiderli dünýäniň iň gymmat şäherleriniň sanawynda birinji orny eýeläp gelýär. Gozgalmaýan emlägiň hem-de awtoulaglaryň gymmatlygy, şeýle hem ýerli walýutanyň durnuklylygy bu şäheriň öňdäki ornuny saklamagyna ýardam etdi. Sanawyň ilkinji üçlügine Sýurih we Monako şäherleri hem girdi. Gonkong we London bolsa, degişlilikde, dördünji we bäşinji orunlary eýeledi. Bütindünýä sanawynyň iň soňky basgançaklaryny Manila, Ýohannesburg we Wankuwer şäherleri jemleýär.
Hasabata görä, sanawdaky orun çalşyklaryna ýerli inflýasiýa däl-de, esasan, walýuta kurslarynyň üýtgemegi täsir etdi. Amerikan dollaryna garanyňda şweýsar frankynyň we ýewronyň gymmatlamagy Ýewropa şäherleriniň sanawda öňe saýlanmagyny üpjün etdi. Milli pulunyň dollara bolan baglylygy Dubaýyň sanawda 14-nji orna çenli aşaklamagyna getiren hem bolsa, şäher sebitdäki durnukly ykdysady ösüş meýdançasy bolmagynda galýar. Awstraliýa dollarynyň gymmatlamagy we importyň nyrhlarynyň ýokarlanmagy netijesinde alty basgançak öňe saýlanan Sidneý şäheri sanawyň 8-nji ornuna eýe boldy.
Hasabat döwründe dünýä boýunça premýum derejeli durmuş şertleriniň bahasy ortaça 10,2 göterim, kaşaň harytlaryň nyrhlary bolsa 12,3 göterim ýokarlandy. Altynyň bahasynyň rekord derejede gymmatlamagy netijesinde, şaý-sepleriň we sagatlaryň bahalary has-da ýokary galdy. Geçirilen barlaglar dünýäde emele gelen geosyýasy näbelliligiň maýadarlaryň tas 95 göteriminde uly alada döredýändigini tassyklady. Hasabatda görkezilişi ýaly, Aziýa-Ýuwaş umman sebitinde maýadarlar maliýe portfellerini gymmat bahaly metallar bilen berkitmäge çalyşýarlar. Ýakyn Gündogarda töwekgelçilik derejesiniň peselmegi we maşgala ofisleriniň döredilmegi öňe çykan bolsa, Ýewropada kapitaly gorap saklamaga gönükdirilen seresaplylyk meýilleri agdyklyk edýär.