Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy geçen ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda halkara syýahatçylaryň sanynyň 5 göterim artyp, 1,1 milliarda ýetendigini mälim etdi. Daşary ýurtlara gidenleriň azyndan bir gije şol ýurtda bolanlary hasaba alyndy. Bu görkezijiniň 2019-njy ýyldakydan 3 göterim ýokarydygy mälim edildi. «World Tourism Barometer» atly resminamada bellenilişine görä, esasan, Ýewropada we Demirgazyk Afrikada syýahatçylyk has ösüpdir. Afrikadaky ösüş 10 göterim bolupdyr. Dünýäniň iň köp syýahatçy kabul edýän sebiti bolan Ýewropa 9 aýyň dowamynda 625 million myhman barypdyr. Aziýa-Ýuwaş ummany sebitindäki syýahatçylaryň sany 8 göterim artypdyr. Ýurtlar babatda aýdylanda, syýahatçylaryň sany boýunça Braziliýa 45, Wýetnam we Müsür 21, Efiopiýa we Ýaponiýa 18, Günorta Afrika 17, Şri-Lanka we Mongoliýa 16, Marokko 14 göterim ösüpdir.
Girdejiler boýunça Ýaponiýa 21, Nikaragua 19, Müsür 18, Mongoliýa we Marokkko 15 göterim ösüp, bu ugurda öňdeligi eýeläpdir.
Gurama ýylyň dowamyndaky maglumatlary soňra mälim eder.
PDF









