Pandemiýa çäklendirmeleriniň ýatyrylmagy netijesinde syýahatçylyk pudagy güýçli depginde ösüp ozalky ýagdaýyna gaýdyp gelýär. Soňky maglumatlara görä, Ýewropanyň bäş sany iri syýahatçylyk merkezinde dikelişiň ýokarydygy mälim edildi. Bütindünýä Syýahat we jahankeşdeçilik geňeşi (WTTC) tarapyndan taýýarlanan maglumatda, syýahatçylyk pudagynyň 2019-njy ýylda London, Pariž, Berlin, Rim we Madrid şäherleriniň ykdysadyýetine 83,5 milliard dollardan gowrak goşant goşandygy, 2022-nji ýylda bu görkezijiniň 71 milliard dollar bolup, pandemiýadan ozalky ýagdaýdan bary-ýogy 15 göterim pes bolandygy mälim edildi. Maglumata görä, bu şäherleriň arasynda Pariž has öňe saýlanypdyr. Fransiýanyň paýtagty 2019-njy ýylda bu pudakdan 38 milliard dollar girdeji gazanan bolsa, geçen ýyl ondan 6 göterim az – 35,7 milliard dollar girdeji gazanypdyr. Geçen ýyl London syýahatçylykdan 15 milliard, Berlin 7,7 milliard dollar gazanypdyr. Geňeşiň ýolbaşçysy Juliýa Simpson jahankeşdeleriň bu şäherlere gaýtadan gidip başlandygyny, iş maksatly syýahatlaryň durnukly ösýändigini belleýär. Onuň sözlerine görä, Hytaýda çäklendirmeleriň ýatyrylmagy hem Ýewropa şäherlerine bolan syýahatlary artdyrypdyr. Simpson syýahatçylaryň ykdysadyýete we iş orunlarynyň döredilmegine goşant goşýandygyny belleýär. Geňeş pandemiýadan ozal bu şäherlerde syýahatçylyk pudagynda 976 müňden gowrak iş ornunyň bardygyny belleýär.
Miwe ÇARYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.
PDF









