Ga­raş­syz, he­mi­şe­lik Bi­ta­rap Türk­me­nis­tan pa­ra­hatçylyk­sö­ýü­ji­lik, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk we giň öza­ra hyz­mat­daş­lyk sy­ýa­sa­ty­ny ama­la aşyr­mak esa­syn­da dün­ýä döw­let­le­ridir ab­raý­ly se­bit we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry bi­len ne­ti­je­li gat­na­şyk­la­ry­ny iki­ta­rap­la­ýyn we köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de ös­dür­ýär. Umu­my bäh­bit­le­riň we aba­dan­çy­ly­gyň ha­ty­ra­sy­na dün­ýä ýurt­la­ry bi­len dost­luk­ly gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­lar, il­kin­ji no­bat­da, Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy bi­len hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­lyk et­mek Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ugur­la­ry­dyr.
Türk­me­nis­tan 1992-nji ýy­lyň 2-nji mar­tyn­da hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ryň do­ly hu­kuk­ly sub­ýek­ti hök­mün­de BMG-niň ag­za­ly­gy­na ka­bul edil­di. Döw­le­ti­miz BMG-niň yg­ty­bar­ly we jo­gap­kär­li hyz­mat­da­şy hök­mün­de bu hal­ka­ra gu­ra­ma­­nyň mej­lis­le­ri­ne ýo­ka­ry de­re­je­de gat­naş­ýar. Türk­me­nis­ta­nyň BMG-niň Baş As­samble­ýa­sy­nyň bir­nä­çe mej­lis­le­rin­de wi­se-baş­ly­gyň borç­la­ry­ny be­lent ab­raý bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­ren­di­gi­ni hem-de ýur­du­my­zyň dö­re­di­ji­lik­li baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da on­lar­ça dün­ýä äh­mi­ýet­li Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edi­len­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­mak ge­rek.
Hä­zir­ki za­man hal­ka­ra gat­na­şyk­la­ry­nyň ta­ry­hyn­da­ky ýe­ke-täk tej­ri­be bo­lan BMG-niň ýö­ri­te Ka­rar­na­ma­la­ry bi­len yk­rar edi­len ýur­du­my­zyň bi­ta­rap­lyk hu­kuk de­re­je­si dün­ýä­de howp­suz­ly­gy üp­jün et­mek­de, adam­za­dyň öňün­de dur­ýan gaý­ra­go­ýul­ma­syz me­se­le­le­ri saz­la­şyk­ly çöz­mek­de, döw­let­le­riň we halk­la­ryň dur­nuk­ly ösü­şi üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek­de, köp­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek­de hal­ka­ra bi­le­le­şi­gi­niň ta­gal­la­la­ry­na hem­me­ta­rap­la­ýyn ýar­dam ber­mä­ge gö­nük­di­ri­len ne­ti­je­li gu­ral hök­mün­de çy­kyş ed­ýär.
Soň­ky ýyl­lar­da döw­le­ti­mi­ziň Mil­let­ler Bi­le­le­şi­gi­niň esa­sy agent­lik­le­ri we ýö­ri­te­leş­di­ri­len eda­ra­la­ry bi­len bar­ha ber­ke­ýän gat­na­şyk­la­ry hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ýar. Mer­ke­zi Azi­ýa BMG-niň
ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi­ne gar­şy gö­reş, suw we azyk howp­suz­ly­gy, gen­der deň­li­gi, döw­let hyz­mat­la­ry­ny san­ly­laş­dyr­mak, bi­lim we sag­ly­gy go­ra­ýyş ugur­la­ry bo­ýun­ça köp san­ly baş­lan­gyç­la­ry­ dur­mu­şa ge­çir­mek we gi­ňelt­mek üçin meý­dan­ça öw­rül­di. Mer­ke­zi Azi­ýa­da ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi bi­len bag­ly teh­no­lo­gi­ýa­lar bo­ýun­ça Se­bit mer­ke­zi­niň dö­re­dil­me­gi bi­len bag­la­ny­şyk­ly iş­ler, 2023-nji ýyl­da Ar­ka­dag şä­he­rin­de başy başlanan Mer­ke­zi Azi­ýa döw­let­le­ri­niň ýaş­lar dia­lo­gy­nyň işi, şeý­le hem Aş­ga­bat şä­he­rin­de Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň ýaş dip­lo­mat­la­ry üçin il­kin­ji bi­le­lik­dä­ki okuw mas­la­ha­ty­nyň ge­çi­ril­me­gi se­bit­le­ýin ut­ga­şy­gyň iş ýü­zün­dä­ki my­sal­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da dur­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de Türk­me­nis­tan bi­len Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy we onuň ýö­ri­te­leş­di­ri­len dü­züm­le­ri­niň ara­syn­da­ky stra­te­gi­ki hyz­mat­daş­lyk tä­ze ösüş dep­gi­ni­ne we maz­mu­na eýe bol­ýar. Ýur­du­myz se­bit, äh­lu­mu­my gün ter­ti­bi­niň ile­ri tu­tul­ýan me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga, ola­ry çöz­me­giň iň amat­ly usul­la­ry­ny iş­läp taý­ýar­la­ma­ga iş­jeň gat­na­şyp, öz pa­ra­hat­çy­lyk we dö­re­di­ji­lik kuw­wa­ty­ny dün­ýä­niň halk­la­ry­nyň bäh­bi­di­ne gö­nük­dir­ýär.
Hä­zir­ki wagt­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň hal­ka­ra hem-de se­bit­le­ýin sy­ýa­sy gi­ňiş­lik­de öňe sür­ýän baş­lan­gyç­la­ry esa­syn­da BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy­nyň 81-nji ses­si­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň ile­ri tut­ýan ga­ra­ýyş­la­ry taý­ýar­la­nyl­dy. Şo­ňa la­ýyk­lyk­da, ýur­du­myz pa­ra­hat­çy­lyk, howp­suz­lyk we öňü­ni alyş dip­lo­ma­ti­ýa­sy ýö­rel­ge­le­ri esa­syn­da tä­ze­çil tek­lip­le­ri öňe sür­ýär. Türk­me­nis­tan Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň ho­wan­dar­ly­gyn­da Hal­ka­ra gat­na­şyk­lar­da we dip­lo­ma­ti­ýa­da eme­li aňy pa­ra­hat­çy­lyk­ly ulan­mak bo­ýun­ça hal­ka­ra ko­dek­si iş­läp taý­ýar­la­ma­gy tek­lip eder. Bu ugur­da BMG-niň ho­wan­dar­ly­gyn­da Aş­ga­bat­da San­ly yna­nyş­mak we eme­li aňy jo­gap­kär­çi­lik­li ulan­mak me­se­le­le­ri bo­ýun­ça hal­ka­ra bi­ler­men­ler dia­lo­gy­ny ge­çir­mek me­ýil­leş­di­ril­ýär. Şeý­le hem ulag, dur­nuk­ly söw­da lo­gis­ti­ka­sy we güm­rük hyz­mat­daş­ly­gy, eko­lo­gik howp­suz­ly­gy, ho­wa­nyň üýt­ge­me­gi we ener­gi­ýa se­riş­de­le­rin­den re­je­li peý­da­lan­ma­gy, yn­san­per­wer hyz­mat­daş­lyk­da ze­nan­la­ryň we ýaş­la­ryň dia­lo­gy­ny ös­dür­mä­ge aý­ra­tyn üns be­ril­me­gi ýur­du­my­zyň dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­niň işi­ne iş­jeň go­şul­ýan­dy­gy­nyň no­bat­da­ky su­but­na­ma­sy­dyr.
Umu­man, Türk­me­nis­ta­nyň BMG bi­len ne­ti­je­li we kö­pu­gur­ly hyz­mat­daş­ly­gy hormatly Prezidentimiziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gy we howp­suz­ly­gy üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len dip­lo­ma­tik iş­jeň­li­gi­ni hem-de hal­ka­ra gat­na­şyk­lar ul­ga­myn­da­ky ab­ra­ýy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Bu bol­sa döw­le­ti­mi­ziň içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sy ug­ru­nyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­lyk hu­kuk ýag­da­ýy­na hem-de öz üs­tü­ne alan hal­ka­ra borç­na­ma­la­ry­na yg­rar­ly bo­lup gal­ýan­dy­gy bi­len şert­len­di­ri­len­dir.

Hydyr Abakow,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň Medeniýet we metbugat bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň kapitany.