Aziýada syýahatçylyk pudagynda gülläp ösen merkezleriň biri Singapur hasaplanýar. Bu şäher döwletinde gezelençleri amatly we aňsatlyk bilen amala aşyrmak üçin jemgyýetçilik ulag serişdeleri hereket edýär. Şäherde ýokary derejeli söwda merkezleriniň, kaşaň myhmanhanalaryň we döwrebap restoranlaryň birnäçesi bolup, maşgala üçin attraksionlar, futuristik şäheri öwrenmäge mümkinçilik berýän taryhy muzeýler hem-de etniki ýerler bar. Biz hem gazetimiziň şu sanynda Singapuryň ajaýyp ýerleri baradaky maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
«Jewel Changi» howa menzili. Uçardan ýaňy düşen bolsaňyz, howa menzilinden entek çykmaň! «Jewel Changi» howa menzilindäki täsinlikleriň şaýady boluň! Bu ajaýyp gümmezde 280-den gowrak restoran we söwda merkezi bar. Binanyň merkezindäki 40 metr beýiklikdäki ýapyk şaglawuk daş-töweregindäki tokaý zolagyna gözellik berýär. Bu ýerde çagalar üçin oýun meýdançalary hem gurlupdyr.
Marina aýlagy. Bu aýlag «Marina Bay Sands» şypahana toplumyndaky kaşaň myhmanhanany, söwda merkezini, «ArtScience» muzeýini we «Marina Bay Sands Skypark» gözegçilik merkezini öz içine alýar. Gözegçilik merkezinde synlaýyş otagy bar. Myhmanhananyň ýokarsynda gäminiň şekilindäki bina ýerleşdirilip, bu ýerde howuz, kofe içilýän ýer we restoran bar. Marina aýlagyndaky 101 gektar meýdany eýeleýän kenarýaka baglary sport bilen meşgullanýan syýahatçylara ýokary mümkinçiligi döredýär.
Botanika baglary. Şäheriň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün edýän botanika baglary gezelenç etmek üçin ýaramly ýerlerdir. Baglarda birnäçe ýyldan bäri ösüp oturan goja agaçlary hem-de täsinlikleri eçilýän Milli Orkide bagyny synlap bilersiňiz. Mundan başga-da, ekobaglary, bonsaý bagyny we heýkelleri görmek bolar.
Haýwanat bagy. Dünýäde iň uly tokaý haýwanat bagy hasaplanýan Singapur haýwanat bagy täsirli başdangeçirmelere baý ýerleriň biridir. Bu ýer özüne çekiji bolup, maýmynlaryň birnäçe görnüşi, zebralar, komoda aždarhasy, mole alakalary, ak gaplaň, kenguru we başga-da janly-jandarlaryň köp görnüşi saklanýar. Myhmanlar käbir janly-jandaryň ýaşaýyş özboluşlylygyna, iýmitleniş ýagdaýyna syn edip bilerler. Haýwanat bagyny aýlanmak üçin azyndan 3 sagat gerek bolýar. Bu ýerde mundan başga Gijeki Safari, Safari derýasy, panda tokaýjygy we Jurong guş seýilgähi ýaly bölümler hem bar.
Singapur çarhy. Dünýäniň iň uly aýlanýan açyk çarhy Singapurda ýerleşýär. «Singapore Flyer» diýlip atlandyrylýan bu çarh daş-töwerekdäki gözelligi synlamaga mümkinçilik berýär. 30 minut dowam edýän «arzuwlar syýahaty» täsirli gezelenç bilen bir hatarda, multimediýa sergilerini hem hödürleýär.