Tailandyň Syýahatçylyk we sport ministrligi daşary ýurtly jahankeşdeler üçin mugt içerki uçuşlary ýola goýmagy maksat edinýär diýip, “Bangkok Post” neşiri habar berýär. Bu başlangyç azyndan 200 müň syýahatçyny özüne çekmek we belli şäherlere syýahaty höweslendirmek üçin býujetden 700 million tailand batyny talap eder.
Bu maksatnama “Thai Airways”, “Thai AirAsia”, “Bangkok Airways”, “Nok Air”, “Thai Lion Air” we “Thai Vietjet” ýaly alty kompaniýa gatnaşar.
Taýlanda halkara uçuşyna bilet satyn alan daşary ýurtly syýahatçylara ýurduň içinde bir gidiş we gaýdyş petegini bermek meýilleşdirilýär. Goşuň 20 kg çenli bolmagy göz öňünde tutulýar. Maksatnama sentýabr-noýabr aýlary üçin niýetlenendir. Halkara uçuşyny awiakompaniýada ýa-da onlaýn syýahatçylyk agentliginiň üsti bilen bron edeniňizde mugt bilet alyp bilersiňiz.
Häkimiýetler bu maksatnamanyň patyşalygyň ykdysadyýetine 8,8 milliard tailand batyny getirmegine garaşýarlar. Taslama ýakyn wagtda tassyklamak üçin Taýland hökümetiniň Ministrler Kabinetine hödürlener.