2026-njy ýylyň birinji ýarymynda Täjigistan Respublikasynyň Hökümetiniň ýanyndaky Tokaý hojalygy agentligi tarapyndan 3 298,3 gektar meýdany bolan tokaýlar dikeldildi we döredildi.
Hasabat döwründe 1 230,4 gektar meýdanda täze tokaýlar döredildi, 1 874,4 gektar tokaý zolaklary dikeldildi. Şeýle hem 193,5 gektar ýere dub, pisse, grek hozy we beýleki agaçlar ekildi.
Nahallaryň önümçiligini artdyrmak maksady bilen, üstümizdäki ýylda döwlet tokaý hojalygy edaralarynyň 34-sinde 40 gektar ýerde täze nahalhanalary döretmek, ýakyn geljekde bolsa olaryň umumy meýdanyny 78,33 gektara çenli ýetirmek meýilleşdirilýär diýip, agzalan agentlik habar berdi.
PDF









