Gazylyp alynýan ýangyçlary ulanmak, howanyň hapalanmagy, zibilleriň deňze taşlanmagy we zawod galyndylarynyň tebigata zyňylmagy ýaly oňaýsyz täsirler haýwanlaryň ýaşaýan ýerlerine howp salýar. Dünýäniň biodürlüligine gönüden-göni täsir edýän bu ýagdaý ýüzlerçe müň haýwan görnüşleriniň hemişelik ýok bolmagyna sebäp bolup biler. Täze gözlegiň netijesinde, takmynan 138 müň haýwan görnüşiniň 30 göteriminiň uly howp astyndadygyny mälim etdiler. Gözlegçiler ýitip gitmek howpy abanýan görnüşler üçin gyzyl sanawda her 5 akuladan 2-siniň aşa köp balyk tutmagy sebäpli howp astyndadygyny duýdurýarlar. Mundan başga-da, Indoneziýadaky Komodo aždarhalary hem bu sanawa goşuldy. Örän çäkli sebitde we dünýäniň iň uly janly keýikleri hökmünde tanalýan bu jandarlaryň ýakyn 45 ýylda suw derejesiniň ýokarlanmagy sebäpli kiçijik ýaşaýyş ýerleriniň 30 göterimini ýitirmegine garaşylýar. Geçirilen başga bir gözlege görä, akulalaryň arasyndaky 1200 görnüşiň 37 göteriminiň ýok bolmak howpunyň bardygy ýüze çykaryldy. Ýabany tebigatyň goralmagyny üpjün etmek we goldamak üçin Bütindünýä Tebigaty Goramak Bileleşigi (IUCN) hem “ýaşyl dereje” atly täze standartyny yglan etdi. Şeýlelik bilen, görülýän çäreler sebäpli görnüşleriň ýok bolmakdan näderejede halas edilendigi görner. Başgaça aýdylanda, iş ýüzünde görülýän çäreleriň täsiri şu ýerde dowam etdiriler.