He­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­my­zyň şan­ly 30 ýyl­ly­gy giň­den bel­le­nil­ýän Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­lyn­da ýur­du­myz­da äh­li ugur­lar bi­len bir ha­tar­da, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da hem gu­wan­dy­ry­jy üs­tün­lik­ler ga­za­nyl­ýar. 2-10-njy mart­da Al­ba­ni­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň Kor­ça şä­he­rin­de Gü­nor­ta-Gün­do­gar Ýew­ro­pa döw­let­le­ri­niň uni­wer­si­tet­le­ri­niň ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da ge­çi­ri­len 19-njy Hal­ka­ra ma­te­ma­ti­ka olim­pia­da­syn­da türk­men ta­lyp­la­ry üs­tün­lik­li çy­kyş edip, baý­rak­ly orun­la­ra my­na­syp bol­du­lar.
Bu olim­pia­da bi­ziň döw­le­ti­miz bi­len bir ha­tar­da Al­ba­ni­ýa, Bol­ga­ri­ýa, Ser­bi­ýa, Ru­my­ni­ýa, Gre­si­ýa, De­mir­ga­zyk Ma­ke­do­ni­ýa Res­pub­li­ka­la­ryn­dan 35 sa­ny ýo­ka­ry okuw mek­debin­den dü­zü­len to­par­lar­da 150-den gow­rak ta­lyp çy­kyş et­di. Türk­me­nis­ta­nyň ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň ta­lyp­la­ry olim­pia­da­da öz­le­ri­niň ze­hin­le­ri­ni gör­ke­zip, je­mi 26 me­da­la, ýag­ny 3 al­tyn, 10 kü­müş, 13 bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Şeý­le-de Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by Me­di­ne Ödä­ýe­wa baş baý­ra­ga my­na­syp bol­dy.
12-nji mart­da Hal­ka­ra yn­san­per­wer ylym­la­ry we ösüş uni­wer­si­te­ti­niň mej­lis­ler za­lyn­da hal­ka­ra olim­pia­da­nyň ýe­ňi­ji­le­ri­ni sy­lag­lan­dy­ryş da­ba­ra­sy bol­dy. Aý­dym-saz­ly çä­rä­niň do­wa­myn­da hal­ka­ra olim­pia­da ta­lyp­la­ry taý­ýar­lan mu­gal­lym­la­ra we al­tyn, kü­müş, bü­rünç me­dal­la­ry eýe­län ze­hin­li ta­lyp­la­ra Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň sow­gat­la­ry da­ba­ra­ly ýag­daý­da gow­şu­ryl­dy.

Ka­sym AMA­NOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.