Ruhy kämilligiň, özüňi taplamagyň aýy bolan Oraza dowam edýär. Oraza aýyna «Aýlaryň soltany» diýlip, ol türkmen halkynyň gadymdan bäri dowam edip gelýän musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr. Türkmenlerde «oraza», käbir ýerli gepleşiklerde «araza», «roza» diýlip atlandyrylýan bu mukaddes aýyň ady arap dilindäki «ramadan», «sawm», «siýam» sözleriniň «daş durmak, özüňi saklamak» ýaly manylary bilen baglanyşyklydyr. Oraza aýy tutuşlygyna sogaba, päklige beslenen aýdyr. Bu aýda bäş parzyň biri bolan agyz beklenýär, ýagşy dilegler edilýär. Müň gijeden zyýat görlen «gadyr gijesi» bu aýyň görküdir. Pederlerimiziň «Günüň serweri – juma, aýyň serweri – remezan, ýylyň serweri – goýun, gijäniň serweri – gadyr» diýen sözleri oraza aýynyň aýratyn kerem-keramata eýedigini görkezýär. Ol ynsanperwerligiň, halallygyň, haýyr-sahawatyň, sylag-hormatyň aýydyr. Bu mukaddes aýda agyz beklenýär, agyz açar sadakasy berilýär, tarawa namazy okalýar, aýat-töwir edilýär. Bu gadymy dessuryň çuňňur manysy bardyr. Adamlar agyz beklemek arkaly beden we ruhy dünýäsiniň «synagyny» geçirmäge mümkinçilik alýarlar. Agyz beklenen wagtynda adamyň bedeni köp iýmekden halas bolup, özüni dürsemäge mümkinçilik tapýar.
Ýurdumyzda Oraza baýramy her ýyl döwlet derejesinde giňden bellenilýär. Ol türkmeniň toý däpleri bilen utgaşyp, aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyz: «Oraza baýramy Gündogar halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň uzak asyrlaryň dowamynda baý durmuş tejribesi esasynda kemala gelen, ynsanperwerligi, hoşniýetliligi, parahatçylygy hem-de dostlugy dabaralandyrýan dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biridir. Beýik Biribaryň barlygyna we birligine uýýan, ynsanperwerligi we hoşniýetliligi, dost-doganlygy mukaddes kada öwren türkmen halkynyň beden we ruhy taýdan päklenmegiň keremli aýy hökmünde Oraza aýyna, aýratyn hem rehim-şepagatlylygyň, haýyr-sahawatlylygyň mübärek gijesi bolan Gadyr gijesine hormaty örän uludyr» diýip belleýär.
Jemile ORAZMYRADOWA,
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Hajy Ysmaýylow adyndaky kitaphana şahamçasynyň 2-nji derejeli kitaphanaçysy.