Germaniýada ýaşaýan bir zenan 50 ýyl ozal Gresiýanyň gadymy Olimpiýa şäherinden alyp giden taryhy eserini bu ýurda gaýtaryp berdi. Bir sütüniň ýokarky bölegi bolan eser Münster uniwersiteti arkaly Gresiýa berildi. Gresiýanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan ýaýradylan beýanatda ýarym asyrdan gowrak wagt bäri ýok bolan eseriň ýurda gaýdyp gelendigi bellendi. Ministrlik eseri gaýtaryp beren zenana minnetdarlyk bildirdi.
Sütüniň hek daşyndan ýasalan ýokarky böleginiň beýikligi 24, ini 33,5 santimetre barabar bolup, miladydan ozalky IV asyrda ýasalypdyr.
Soňky ýyllarda Germaniýa dürli ýyllarda Gresiýadan alnyp gidilen eserleriň üçüsini bu ýurda gaýtaryp berdi.