«Tas­te­ At­las» on­laýn iý­mit en­sik­lo­pe­di­ýa­sy we sy­ýa­hat gol­lan­ma­sy 2025-nji ýy­lyň iň go­wy ta­gam­la­ry­nyň we süý­jü­lik­le­ri­niň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Gast­ro­no­mi­ýa gol­lan­ma­sy­nyň ula­ny­jy­la­ry­nyň ses ber­me­gi esa­syn­da iň go­wy ta­gam­lar yg­lan edil­di. Bi­rin­ji or­ny «vori-vori» ta­ga­my eýe­le­di. Pa­rag­waý­ly­la­ryň mil­li ta­ga­my to­wuk çor­ba­sy­nyň içi­ne kä­şir, kä­di, so­gan, sa­rym­sak ýa­ly gök önüm­ler aty­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. «Vori-vori» çor­ba­sy­na aý­ra­tyn ta­gam ber­ýän zat mek­ge­jö­wen unun­dan we peý­nir­den ýa­sa­lan şar­ja­gaz­lar ha­sap­la­nyl­ýar. Na­ha­ryň ady «ki­çi­jik top­ja­gaz­lar» diý­me­gi aň­lad­ýar. Bu çor­ba, esa­san, ho­wa­nyň so­wuk gün­le­ri has köp iýil­ýär.
Sa­naw­da ikin­ji we üçün­ji orun­la­ry ital­ýan­la­ryň Nea­po­li­tan piz­za­sy we ak trýu­fel­li ma­ka­ro­ny eýe­le­ýär. Nea­pol şä­he­rin­den ge­lip çyk­ýan piz­za­nyň bu gör­nü­şi gy­zyl bur­ça meň­zeş San-Mar­sa­no po­mi­do­ry, mo­za­rel­la peý­ni­ri we reý­ha­nyň ter ýap­ra­gy go­şu­lyp taý­ýar­la­nyl­ýar. Ag­zyň­da eräp gid­ýän bu piz­za üçin ýo­ka­ry hil­li un­dan ýug­ru­lan we 1-2 gün­läp de­mi­ne goý­lan ada­ty ha­myr ula­nyl­ýar. Ho­wur peç­de 90 se­kunt­da bi­şi­ril­ýän Nea­po­li­tan piz­za­sy ÝU­NES­KO-nyň Mad­dy däl me­de­ni mi­ra­sy­nyň sa­na­wy­na gi­ri­zil­di. Piz­za dün­ýä­de iň köp iýil­ýän tiz ta­gam­la­ryň bi­ri­dir. Ak trýu­fel­li ma­ka­ro­ny taý­ýar­la­mak üçin ýu­murt­ga­nyň sa­ry­sy­na baý bo­lan fet­tuç­çi ma­ka­ro­ny­nyň in­çe gör­nü­şi we trýu­fel (do­ma­la­na meň­zeş kö­me­lek) ula­nyl­ýar. Bu ta­ga­my taý­ýar­la­mak üçin to­wuk çor­ba­syn­da gaý­na­dy­lan ma­ka­ro­nyň üs­tü­ne in­çe­jik di­lim­le­nip, ýag­da ça­la­ja gy­zar­dy­lan kö­me­lek go­şul­ýar.
Dör­dün­ji orun­da in­do­ne­zi­ýa­ly­la­ryň mil­li ta­ga­my bo­lan «sa­te kam­bing» gel­ýär. Ma­ri­nad edi­len ge­çi ýa-da gu­zy etin­den taý­ýar­la­nyl­ýan bu ta­gam bam­buk çiş­le­ri­ne dü­zü­lip köz­de bi­şi­ril­ýär. «Sa­te kam­bing» üs­tü­ne so­ýa sou­sy guý­lup, so­gan, po­mi­dor we burç bi­len bi­le­lik­de hö­dür edil­ýär. Ke­ba­byň bu gör­nü­şi, esa­san hem, Ýa­wa ada­syn­da meş­hur ta­gam ha­sap­la­nyl­ýar.
Türk ta­gam­la­ry hem gast­ro­no­mi­ýa­da öň­dä­ki orun­la­ry eýe­le­ýär. Sa­naw­da türk­le­riň jag ke­ba­by bä­şin­ji orun­da gel­ýär. Er­zu­ru­ma mah­sus bo­lan ke­ba­byň bu gör­nü­şi­ni taý­ýar­la­mak üçin il­ki ýu­ka­jyk gyý­lan go­ýun ýa-da ge­çi eti ma­ri­nad edil­ýär. Soň­ra dö­ne­re meň­zeş şe­kil­de uly çi­şe dü­zül­ýär we kö­züň üs­tün­de ke­se­li­gi­ne goý­lup bi­şi­ril­ýär. Da­şy gy­zar­dy­lan­dan soň, dö­ner py­ça­gy bi­len in­çe­jik di­lim­le­nip, in­çe­jik çi­şe dü­zü­lip, la­waş, so­gan we gök ot­lar bi­len bi­le­lik­de hö­dür edil­ýär. «Jag» sö­zi «ke­se­li­gi­ne goý­lan çiş» di­ýen ma­ny­ny ber­ýär.
Sa­naw­da «Kon­to­suw­li» (Gre­si­ýa), «Ar­roz ta­pa­do» (Pe­ru), «Komp­let le­pin­ýa» (Ser­bi­ýa), «Ke­sa­bir­ri­ýa» (Mek­si­ka) we «Et­li we kö­me­lek­li ma­ka­ron» (Ita­li­ýa) il­kin­ji on­lu­gy jem­le­ýär. «Tas­te­ At­las»-yň sa­nawyn­da, esa­san, et­den taý­ýar­la­nyl­ýan ta­gam­lar öň­de­li­gi eýe­le­ýär.

«Tas­te­ At­las» dün­ýä­niň iň go­wy süý­jü­lik­le­ri­niň sa­na­wy­ny hem hö­dür­le­di. Süý­jü­lik­le­riň sa­na­wyn­da An­tak­ýa kü­ne­fe­si bi­rin­ji orun­da gel­ýär. Os­man im­pe­ri­ýa­syn­dan göz­baş al­ýan bu süý­jü­lik An­tak­ýa­nyň iň meş­hur de­sert­le­ri­niň bi­ri ha­sap­la­nyl­ýar. Il­ki bi­len me­ji­me­de sa­ry­ýag ere­dil­ýär we üs­tü­ne doň­du­ry­lan ha­myr gy­ryl­ýar. Ha­myr bö­lek­le­ri te­kiz­le­nen­den soň, üs­tün­den kü­ne­fe peý­ni­ri ýa­zy­lyp çy­kyl­ýar. Soň­ra ýe­ne-de peý­ni­riň üs­tün­den gyr­gyç­dan ge­çi­ri­len ha­myr goý­lup, ho­wur peç­de bi­şi­ril­ýär. Da­şy gy­za­ran An­tak­ýa kü­ne­fe­si­niň üs­tün­den şe­ker­li suw gu­ýul­ýar. Ag­zyň­da eräp gid­ýän bu süý­jü­lik dün­ýä­niň köp ýur­dun­da taý­ýar­la­nyl­ýar. Ikin­ji orun­da iň­lis­le­riň gaý­mak­ly doň­dur­ma­sy gel­ýär. Sy­gyr süý­dün­den taý­ýar­la­nyl­ýan bu süý­jü­lik ça­ýyň ýa­ny bi­len iýil­ýär. Üçün­ji we dör­dün­ji orun­lar­da ital­ýan­la­ryň meş­hur doň­dur­ma­sy bo­lan že­la­to bi­len ştru­del ru­le­ti gel­ýär. «Do­ňak­lyk» di­ýen ma­ny­ny aň­lad­ýan bu doň­dur­ma ýu­murt­ga, gaý­mak, wa­ni­lin, şo­ko­lad, ba­dam, pis­se go­şul­ýar. Kä­te že­la­to al­ma, ýer­tu­da­na, ma­li­na, li­mon, ana­nas ýa­ly mi­we­ler hem go­şul­ýar. Ştru­del ru­le­ti ýu­ka­jyk ýa­ýy­lan ha­my­ryň ara­sy­na ma­ňyz­dyr al­ma, ýer­tu­da­na ýa­ly dür­li mi­we­ler goý­lup taý­ýar­la­nyl­ýar. Sa­naw­da bä­şin­ji orun­da Ga­zi­an­tep bak­la­wa­sy gel­ýär. Ka­gyz ýa­ly ýa­zy­lan ha­my­ryň ara­sy­na pis­se goý­lup, gat-gat edi­lip bi­şi­ril­ýän bu süý­jü­li­giň üs­tü­ne şe­ker­li suw gu­ýul­ýar. Bak­la­wa Azi­ýa ýurt­la­ryn­da iň köp iýil­ýän de­sert­le­riň bi­ri­dir.
Sa­naw de­giş­li­lik­de «Fis­tik­li sar­ma, Re­me­zan süý­jü­li­gi» (Tür­ki­ýe), «Temb­le­ke» (Pu­er­to-Ri­ko), «Süý­ji krep­ler» (Fran­si­ýa), «Tin­gi­nis» (Lit­wa), «Pão de Ló de Ovar» (Por­tu­ga­li­ýa), «Kre­mo­la­da» (Pe­ru), «Klad­ka­ka» (Şwe­si­ýa), «Pawê» (Bra­zi­li­ýa), «Pi­sang go­reng, gow­ru­lan ba­nan» (In­do­ne­zi­ýa) we «Kar­lo­ta de li­mon» (Mek­si­ka) ýa­ly süý­jü­lik­ler bi­len do­wam ed­ýär.