Tatarystanyň Konstitusiýasyna girizilen üýtgetmelere laýyklykda, Respublikanyň häzirki ýolbaşçysy Rustam Minnihanowa Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti däl-de, Raisi (başlygy) diýler. Golaýda Tatarstanyň Döwlet Geňeşi ýurduň ýolbaşçysynyň adyny “Rais” diýip üýtgetmek baradaky karary tassyklady.
-Iň ýokary wezipeli adamyň ady bilen baglanyşykly mesele boýunça goşmaça geňeşmelerden soň, geçiş döwründen ýüz öwürmek we häzirki garalýan kanun taslamasy güýje girenden soň iň ýokary wezipeli adamyň täze derejesini ulanmaga başlamak kararyna gelindi – diýip, Tatarystanyň döwlet gurluşy we ýerli öz-özüňi dolandyryş boýunça parlament toparynyň başlygy Albert Habibullin belledi.
Tatarystanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler girizmegi – Respublikanyň baştutanynyň wezipesiniň adyny “Prezident” bolanlygyndan “baştutan – Tatarystan Respublikasynyň Raisi” diýip adyny üýtgetmegi teklip edýän kanunyň taslamasy geçen ýylyň dekabrynda kabul edilipdi. Şol bir wagtyň özünde geçiş döwri göz öňünde tutulypdy: täze at diňe Tatarystanyň indiki saýlanjak iň ýokary wezipeli adamyna degişli bolmalydy we sebitiň häzirki Baştutany Rustam Minnihanowyň 2025-nji ýylda möhleti gutarýança Prezident diýip atlandyrylmagyny dowam etmelidi.