“Apple” kompaniýasynyň täze “AirPods” gulaklygynda kamera boljakdygy habar berildi. Emma bu kamera surata düşmek üçin niýetlenmedik. “Bloomberg”-iň wekili Mark Gurmanyň habaryna görä, “Apple” “AirPods” gulaklyklaryny kiçi kameralar bilen üpjün etmegi meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, bular bilen surat ýa-da wideo düşürip bilmersiňiz. Enjamda dürli saglyk görkezijilerini yzarlamak üçin döredilen infragyzyl sensorlar bolar. Täze “AirPods”-yň haýsy parametrleri ölçäp biljekdigi häzirlikçe belli däl.
Ulanyjylaryň diňe el hereketlerini ulanmak arkaly, ony ellemezden, ondan peýdalanyp biljekdigi aýdylýar.
Täze tehnologiýanyň ilkinji gezek “AirPods Pro”-da ulanylmagy meýilleşdirilýär. Bu enjamyň önümçiligine 2026-njy ýylda başlanmagyna garaşylýar.